Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Bank karty: Müşderi sany iki milliona ýetdi

Ýakynda Türkmenistanyň "Halkbank" döwlet täjirçilik bankynyň edara binasynda “Altyn asyr” bank kartynyň hasaba alnan iki millionynjy eýesine gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Iki millionynjy bank karty Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň müşderisi, kärendeçi, pileçi Annagylyç Gandymowyň paýyna düşdi.

a tenne

Häzirki wagtda ýurdumyzyň bank ulgamyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak ugrunda, şol sanda ýokary amatlyklary hödürleýän nagt däl hasaplaşyklaryň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça degişli çäreler ýokary depginde durmuşa geçirilýär. Ýokary mümkinçilikleri bilen meşhurlyk gazanyp, bütindünyä ykdysadyýetinde giň gerimde peýdalanylýan hasaplaşygyň nagt däl görnüşi ýurdumyzyň ykdysadyýetinde uly ähmiyete eýe boldy.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, esasan hem, gür ilatly nokatlarynda bankomatlary hem-de töleg terminallaryny ornaşdyrmak işleri güýçli depginli dowam etdirilýär. Nagt däl hasaplaşyk ulgamyny kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler barha giň gerime eýe bolýar, munuň goraglylygyny üpjün etmek ugrunda hem gaýragoýulmasyz işler alnyp barylýar. Nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek, pul serişdeleriniň dolanyşygyny çaltlandyrmak, söwda we hyzmatlar babatda olaryň hasabynyň yöredilişini we dolanyşygyna gözegçiligi kämilleşdirmek işleriniň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň maliýe taýdan durnuklylygyny pugtalandyrmaga, milli puluň hümmetini berkitmäge we ýurdumyzyň ykdysady ösüşini üpjün etmäge ýardam berýär.

Nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini bank kartlary arkaly giňeltmek işi milli ykdysadyýetiň, bank ulgamynyň işiniň döwrebap ösüşini ýokarlandyrýar. Şonuň üçin hem iki millionynjy «Altyn asyr» bank kartynyň eýesine gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy aýratyn ähmiýete eýedir. Dabaranyň dowamynda iki millionynjy müşderi Annagylyç Gandymow bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol öz şatlygyny biziň bilen paýlaşyp, şeýle gürrüň berdi:

- Men Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Ýusup Gurbanow daýhan birleşiginde ýaşaýaryn. Bu gün maňa iki millionynjy bank kartynyň eýesi bolmak bagty miýesser etdi. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň abadan, asuda durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesi bilen, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha ösmegi bizi buýsandyrýar. Dürli görnüşli bank hyzmatlary kärendeçilere hem yzygiderli hödürlenilýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda we bökdençsiz amala aşyrylýar. Şol hyzmatlara oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamaga, oba hojalygyna innowasiýalary, döwrebap tilsimatlary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmaga we ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge gönükdirilendir. Kärendeçilere, mülkdarlara ýyllyk 1 göterim bilen oba hojalyk tehnikalaryny, abzallary we enjamlary, şeýle hem suw tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suw geçirijileri satyn almak üçin 10 ýyl möhlete çenli ýeňilleşdirilen karz hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilikler döredildi. Şeýle hem maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek, esasy serişdeleri we emläkleri satyn almak üçin ýyllyk 5 göterim bilen 10 ýyla çenli möhlete ýeňillikli karzlary almaga şert döredildi. Bu zatlaryň ählisi biziň bagtyýar durmuşymyzy kepillendirýär. Şeýle aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bankomatlaryň, töleg terminallarynyň raýatlara elýeterli nokatlarda ýerleşdirimegi, amallaryň tiz we amatly amala aşyrylmagyny üpjün edýär. Raýatlaryň arasynda bankmkartlaryna bolan isleg barha artýar. Bank karty müşderilere köp sanly amatlyklary hödürleýär. Onuň kömegi bilen, degişli edara gitmezden öýjükli telefonlaryň hyzmaty, internet, öý telefony we IP-TV telewideniýe hyzmatlary üçin tölegleri tölemäge, aragatnaşyk, jemagat we ýaşaýyş hyzmatlary, awtoulaglaryň ýangyjy üçin tölegleri, ipoteka karzlaryny gaýtarmaga we olaryň göterimlerini, saglyk ätiýaçlandyryş töleglerini tölemek ýaly hyzmatlar müşderilere hödürlenýär.

Şeýle hem internet ulgamy arkaly «internet bank» we «mobilbank» hyzmatlaryndan peýdalanmaga häzir doly şertler döredildi, şu ulgamlar arkaly aragatnaşyk hyzmatlary we karzlaryň göterimlerini üzmek boýunça hasaplaşyklary amala aşyrmak mümkin. Şeýle hyzmatlaryň sanynyň artdyrylmagy we ilatyň bu hyzmatlardan peýdalanmaga işjeň gatnaşmagy kart eýeleriniň wagtyny we maliýe serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Halkyň bagtyýar durmuşyny kepillendirmek ugrunda çäksiz aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! Halka daýanyp, halkyň hatyrasyna alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!

Mukam Muhamow,

Türkmenistan gazeti