Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2017-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer Daşary işler ministrliginde alnyp barylýan işler hem-de hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 18 — 19-njy aprelinde Gazagystan Respublikasyna meýilleşdirilen döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Iki goňşy ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň oktýabr aýynda ýola goýuldy. Şonuň bilen baglylykda, döwletara gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşe eýedigi bellenildi. Onda özara saparlara we ýokary derejede geçirilýän duşuşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen birlikde, hökümetara we Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli alnyp barylýar.

Türkmen-gazak söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklar işjeň häsiýete eýedir. Bu bolsa bilelikdäki hökümetara toparynyň işine oňyn täsirini ýetirýär.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, goňşy döwletler bilen, şol sanda Gazagystan bilen netijeli gatnaşyklary berkitmegiň we giňeltmegiň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we deňhukukly işjeň hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu gezekki ýokary derejede geçiriljek duşuşygyň özara gatnaşyklaryň bar bolan mümkinçiliklerini ähli ugurlar boýunça durmuşa geçirmäge, gatnaşyklary ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, ählumumy abadançylygyň bähbidine kybap gelýän hyzmatdaşlygyň täze möhüm ugurlaryna çykarmaga ýardam berjekdigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna meýilleşdirilen we däp bolan dostlukly türkmen-gazak gatnaşyklarynyň taryhyna täze möhüm sahypany ýazjak döwlet saparyna ýokary derejede taýýarlyk görmek babatda wise-premýere, daşary işler ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudak edaralarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat bilen çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtmak bilen, wise-premýer Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada habar berdi. Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda bu agentligiň Pudagara toparynyň 13 mejlisi geçirilip, olarda daşary ýurt edara görnüşli taraplary döwlet tarapyndan hasaba almak we gaýtadan hasaba almak boýunça ýüztutmalaryna garaldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 11-nji ýanwaryndaky Kararyna laýyklykda, döwlet we döwletiň paýy bolan edaralar, ýurdumyzda işleýän daşary ýurt edara görnüşli taraplary hem-de olaryň şahamçalary, wekillikleri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine diňe bu agentligiň netijenamasyny alan halatynda gatnaşmaga rugsat berilýär. Şu ýylyň başyndan bäri Pudagara toparyň çözgüdi bilen maýa goýum taslamalarynyň 3-si saýlanyp alyndy.

Bu ugurda alnyp barylýan işleriň maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň tertibiniň kämilleşdirilmegini talap edýändigini belläp, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu düzümiň esasy wezipesiniň türkmen ykdysadyýetine öz serişdelerini gönükdirmek isleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň işleri bilen baglylykda, ýüze çykyp biljek töwekgelçilikleri öwrenmekdigine ünsi çekdi. Bu ugurda öz wagtynda durmuşa geçirilen çäreleriň telekeçiligi üstünlikli alyp barmak üçin amatly şertleriň kemala getirilmegine hem ýurdumyzyň maýa goýum ulgamynda öňdäki orunlara çykmagyna hem ýardam berer.

Kompaniýalar we olaryň taslamalary saýlanyp alnanda, taslamalaryň ykdysady netijeliligi, durmuş ähmiýeti hem-de ekologiýa howpsuzlygy, ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň ygtybarly we uzak möhletleýin üstünliklere ýetmegi üçin has netijeli usullary bilelikde gözlemegiň esasy ölçeg bolup durýandygyndan ugur almak möhümdir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şeýle hem ýerli gurluşyk kompaniýalarynyň mümkinçiliklerini doly derejede herekete getirmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetini mümkin bolan dürli töwekgelçiliklerden goramak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenilen teklipleri degişli düzümleriň birnäçesi bilen bilelikde öwrenmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary “Hazyna” hojalyk jemgyýetini döretmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Taýýarlanylan teklibe laýyklykda, Merkezi bank, Döwlet daşary ykdysady iş banky, “Daýhanbank”, “Halkbank”, “Türkmenbaşy”, “Türkmenistan”, “Prezidentbank” döwlet täjirçilik banklary, şeýle hem “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky bu düzümi esaslandyryjylar bolup çykyş edýärler.

Milli Liderimiz döwlet kärhanalarynyň birnäçesiniň guramaçylyk-hukuk görnüşiniň üýtgedilmeginiň Türkmenistanda bazar gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigini aýtdy. “Hazyna” hojalyk jemgyýetiniň döredilmegi milli syýahatçylyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalar ulgamyny netijeli dolandyrmakda durmuşa geçirilýän möhüm çäreleriň biridir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew Aşgabat şäherinde geçirilen Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň altynjy mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi. Duşuşygyň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi hem-de iki ýurt üçin ileri tutulýan ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar netijeli gatnaşyklar üçin uly kuwwatyň bardygyny belläp, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagyň möhümdigini nygtadylar. Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, şol sanda sergi-ýarmarkalaryny hem-de işewürler maslahatlaryny guramagyň, yzygiderli maglumatlary alyşmagyň hasabyna gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen anyk çäreler ylalaşyldy.

Nebitgaz we himiýa pudaklary türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, mejlise gatnaşyjylar möhüm taslamalaryň birnäçesini, hususan-da, tebigy gazy gaýtadan işlemek hem-de gazhimiýa önümlerini öndürmek boýunça taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem koreý kompaniýalarynyň gurluşyk we ulag-aragatnaşyk, metallurgiýa, maşyngurluşyk ulgamlarynda, oba hojalygynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine garaldy.

Toparyň agzalary ylym we bilim, maglumat we ýokary tehnologiýalar ulgamynda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň hem-de iki ýurduň arasynda medeni gatnaşyklary dowam etmegiň, saglygy goraýyş ulgamynda, Koreýa Respublikasynyň we Türkmenistanyň esasy lukmançylyk merkezleriniň arasynda tejribe alyşmagyň wajypdygyny bellediler.

Sport ulgamynda hyzmatdaşlyga, şol sanda iki ýurduň milli olimpiýa komitetleriniň, sport federasiýalarynyň hem-de jemgyýetleriniň arasynda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şeýle hem şu ýyl Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň, beýleki iri sport çärelerini, okuw maslahatlaryny guramagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Toparyň mejlisi tamamlanandan soň, Teswirnama hem-de beýleki resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň indiki mejlisini 2018-nji ýylda Koreýa Respublikasynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belledi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtap, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösýändigini hem-de dürli pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly kuwwatyň bardygyny kanagatlanma bilen nygtady. Döwlet Baştutanymyz bilelikdäki hökümetara toparlarynyň işiniň möhüm ornuny belläp, bu tejribäniň özara bähbitlilik hem-de uzakmöhletleýin esasda guralýan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde özüni oňat tarapdan görkezendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem wise-premýere milli ykdysadyýeti ösdürmäge, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Aşgabatda ulag ýollarynyň gurluşygy we olary abatlamak boýunça meýilleşdirilen çäreler hem-de ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, paýtagtymyzyň ähli etraplarynda ýaşaýyş jaýlaryny düýpli abatlamak we olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri dowam edýär.

Şäherde gök zolaklaryň döredilmegine, agaç nahallarynyň, dürli gülleriň we beýleki bezeg ösümlikleriniň oturdylmagyna aýratyn üns berilýär. Paýtagtymyzyň ilatynyň we onuň myhmanlarynyň göwnejaý ýaşaýşy we dynç alşy üçin-de zerur şertler döredilýär. Häzirki döwürde dynç alyş merkezleriniň, seýilgähleriň durky täzelenilýär we täzeleri gurulýar.

Bellenilen meýilnama laýyklykda, Aşgabadyň ýol-ulag ulgamyny kämilleşdirmek işleri dowam edýär. Ýollary düýpli abatlamak, täze asfalt örtügini düşemek işleri batly depginlerde alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabady hemmetaraplaýyn abadanlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň möhümdigine ünsi çekip, işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, ýokary hil derejesini we öz wagtynda tamamlanmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek, häzirki döwürde özboluşly binagärlik aýratynlygy we abadançylygy bolan şäherimizde gök zolaklary döretmek işlerini yzygiderli alyp barmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, «Türkmenhowaýollary» gullugynyň we Demir ýol ulaglary ministrliginiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer milli Liderimiziň garamagyna ýerli howa gatnawlary boýunça hereket edýän nyrhlary ýokarlandyrmak baradaky teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ykdysadyýetimiziň tapgyrma-tapgyr bazar gatnaşyklaryna geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, pudaklaryň köpüsinde, şol sanda ulaglar toplumynda hem kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek we hususylaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Bu bolsa şol pudaklara ykdysady işleri dogry guramaga, öz kärhanalaryny ösdürmäge gönükdirip bolýan girdejileri almaga mümkinçilik döredýär. Geçirilýän bu işler döwlete öň şol kärhanalary goldamaga gönükdirilýän serişdeleri tygşytlamaga we şol serişdeleri zähmet haklaryny, pensiýalary we kömek pullaryny artdyrmak, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny, sporty ösdürmek, ýaşlary goldamak üçin sarp etmäge mümkinçilik berer.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, «Türkmenhowaýollary» gullugynyň we Demir ýol ulaglary ministrliginiň işgärler toparlarynyň pudaklaryň kadaly işlemegi üçin ýurdumyzyň çäklerinde ýükleri daşamagyň we ýolagçylary gatnatmagyň nyrhlaryny ýokarlandyrmak baradaky teklip bilen ýüzlenendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu pudaklaryň işini has-da kämilleşdirmek üçin bu teklip goldanylsa, maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Ýol petekleriniň bahalaryny ýokarlandyrmak barada aýdylanda bolsa, ýurdumyzda zähmet haklary, pensiýalar we kömek pullary her ýyl 10 göterim möçberde artdyrylýar. Bu bolsa, ilatymyzyň uçarlaryň we otlularyň hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin edýän çykdajylaryndan ep-esli köp bolup durýar hem-de ilatymyzyň şol çykdajylarynyň belli bir derejede öwezini dolýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew “EKSPO 2017” halkara ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň bölüminiň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Sergi 10-njy iýundan 10-njy sentýabra çenli Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde “Geljegiň energiýasy” şygar astynda geçiriler. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda energetika ulgamynda gazanan üstünlikleri görkeziler. Serginiň işine 100-den gowrak ýurduň we halkara guramalaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Sergide Türkmenistanyň bölüminde Garaşsyz hem Bitarap döwletimiziň syýasatynyň esasy ugrunyň, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylan üstünlikler, onuň tebigy baýlyklary, durmuş ulgamynda ýeten sepgitleri, halkymyzyň medeniýeti we däp-dessurlary, Diýarymyzyň syýahatçylyk kuwwaty, daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işler öz beýanyny tapar. Mundan başga-da, sergi halkara jemgyýetçiligini “Aşgabat — 2017” taslamasy hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny wagyz etmek boýunça geçirilýän işler bilen ýakyndan tanyşdyrmaga mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz milli ekspozisiýany bezemek boýunça görkezmeleri berip, “EKSPO 2017” halkara ýöriteleşdirilen sergä Türkmenistanyň bölüminiň gatnaşmagy hakyndaky» karara gol çekdi we wise-premýere iri halkara gözden geçirilişinde ýurdumyzyň gazananlaryny görkezmek boýunça guramaçylyk işlerine gözegçilik etmegi hem-de onuň çäklerinde işewür duşuşyklary we gepleşikleri geçirmegiň meýilnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän senagat pudagyndaky işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek, onuň maddy-önümçilik we çig mal binýadyny pugtalandyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem milli Liderimiziň garamagyna Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak barada taýýarlanylan Kararyň taslamasyny hödürledi.

Dokma senagaty ministrliginiň “Türkmenýüpek” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýüpek gurçugyndan alynýan ýokary hilli pile hasylynyň mukdaryny ýyl-ýyldan artdyrmak, bu çig mal bilen ýurdumyzyň gaýtadan işleýän ugurdaş kärhanalaryny doly üpjün etmek boýunça yzygiderli işleriň amala aşyrylýandygy habar berildi.

2016-njy ýylda Lebap “Welaýatýüpek” birleşiginiň garamagyndaky Türkmenabat şäheriniň gurçuk tohumyny öndürýän kärhanasynyň durky doly täzelenip ulanmaga berildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylda 2 müň 30 tonna pile öndürmek baradaky kararyna laýyklykda “Türkmenýüpek” paýdarlar jemgyýetiniň düzümleri Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda bu pudakda iş alyp barýan kärendeçi daýhanlary janlandyrylan ýüpek gurçuklarynyň zerur mukdary bilen üpjün edýärler. Howa şertlerine laýyklykda Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň daýhan hojalyklaryna janlandyrylan gurçuklary paýlamak işi aprel aýynyň üçünji ongünlügine meýilleşdirildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pile önümçiligi baradaky meseläniň üstünde aýratyn durup geçdi we ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, bu meseläni ylmy taýdan içgin öwrenmelidigini hem-de türkmen halkynyň bu ugurdaky köpasyrlyk tejribesiniň nazarda tutulmalydygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şunda pudagyň ot-iým binýadyny pugtalandyrmagy hem hasaba alyp, toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini aýtdy. Milli Liderimiz geljekde hem pile önümçiligini ösdürmek bilen baglanyşykly wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen-belarus söwda-ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine geçmek bilen, Belarus Respublikasynyň ýurdumyzyň öňden gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belledi, bu ulgamdaky netijeli hyzmatdaşlyk iki tarapyň bähbitlerine we toplanylan tejribelere daýanýar. Lebap welaýatynda kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumy gurmak boýunça iri möçberli bilelikdäki taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-belarus hökümetara toparynyň Minsk şäherinde geçiriljek sekizinji mejlisinde garaljak wezipelere ünsi çekip, bu mejlise gatnaşjak türkmen wekiliýetiniň düzümi baradaky degişli resminama gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew saglygy goraýyş, bilim, ylym we sport pudaklarynda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat bermek bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyny Türkmenistanda durmuşa geçirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny tassyklamak hakynda” Kararyň taslamasyny hödürledi.

Häzirki döwürde ýurdumyz milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde temmäkä garşy göreş işinde öňdäki orunlary eýeläp, beýleki ýurtlara nusgalyk görelde bolýar we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär.

Ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, zyýanly endikleri ýok etmek we Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmek maksady bilen degişli ministrlikler, pudak edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyny Türkmenistanda durmuşa geçirmegiň ýakyn bäş ýyl üçin Milli maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy.

Şeýle hem degişli çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Ony ýerine ýetirmek ýörite pudagara toparyň üstüne ýükleniler.

Agzalan maksatnamanyň baş maksady 2025-nji ýyla çenli keselleriň öňüni almakdan we temmäki önümleriniň sarp edilişini çäklendirmekden, häzirki we geljekki nesilleri temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goramakdan, şol sanda durmuş, ykdysady we ekologik täsirlerden goramakdan ybaratdyr. Bu işleriň hemmesi ýurdumyzyň “Temmäkiden azat ýurt” hukuk derejesini gazanmagyna gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyny durmuşa geçirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny taýýarlamak hakynda” Karara gol çekdi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Aýratyn-da, temmäki ulanmak bilen baglanyşykly keselleriň öňüni almak, ilatyň temmäki önümlerini ulanmagyň zyýanly täsiri hakynda giňden maglumat almagy we temmäki ulanmagyň ýaramaz täsiri bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çäreleriniň möhümdigi bellenildi.

Ilat arasynda, öňi bilen bolsa, ýaşlaryň arasynda temmäki ulanmak ýaly ýaramaz endikleriň öňüni almagyň, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegiň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz temmäkä garşy göreş çärelerine maglumat taýdan goldaw bermegiň zerurdygyny aýtdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, onuň esasy ugry guramaçylyk-hukuk häsiýetinde bolup, bu çäreler BSGG-niň ýokarda agzalan konwensiýasynyň talaplaryna laýyk derejede alnyp barylmalydyr.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýyl Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabaralarynda meýilleşdirilýän baýramçylyk çykyşlarynyň baş maksady halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhynyň şanly sahypalaryny açyp görkezmekden ybaratdyr. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwrebap özgertmeleriň üsti bilen nesilleriň we ynsanperwerlik ýörelgeleriň dowamatlylygyny äşgär edýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň geljekki ösüşiniň möhüm ugurlaryny açyp görkezmäge ýardam berýär. Şeýle hem bu dabaralar häzirki döwürde ýurdumyzda halkymyzyň şu günki ajaýyp durmuşynyň we nurana geljeginiň, mähriban Watanymyzyň şöhratynyň täze derejelere göterilmeginiň bähbidine ýaýbaňlandyrylan beýik işleriň giňden wagyz edilmegine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň ýurdumyzyň halkara derejedäki abraýynyň ýokary göterilmeginde, sport ýurdy hökmündäki derejesiniň dünýä ýüzünde ykrar edilmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtap, öňde boljak dabaraly çäreleriň ähli ugurlaryna örän oýlanyşykly çemeleşilmelidigini, onuň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini belledi we bu dabaralaryň sportuň hem-de belent ruhuň baýramyna öwrülmelidigini tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Aziada — 2017-niň başlanmagyna çenli galan şu döwürde ähli zerur tagallalaryň we hemmetaraplaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini aýdyp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Häzirki wagtda gowaça ekişi hem-de güýzlük bugdaýa ideg etmek işleri, şol sanda ekinlere ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we haşal otlara garşy göreşmek işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, galla kabul ediş nokatlaryny, däne ýygýan kombaýnlary, awtoulaglary we beýleki tehnikalary galla oragy möwsümine taýýarlamak işleri utgaşykly dowam etdirilýär.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, önümçilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, ýerden netijeli peýdalanmak, oba hojalygyna ylmyň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasy hödürlenildi. Dabaralaryň çäklerinde Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VII mejlisi, “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly IX halkara ylmy maslahat, şeýle hem ýöriteleşdirilen halkara sergi-ýarmarkasy, uzak aralyga atly ýöriş, bedewleriň päsgelçiliklerden bökmek boýunça bäsleşikleri, ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşyklary hem-de däp bolan at çapyşyklary guralar.

“Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemi jemlener. Mundan başga-da, baýramçylyga gabatlanylyp, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan Halkara karantin merkeziniň açylyş dabarasy bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer E.Orazgeldiýewiň öň Daşoguz welaýatynda işläp, köp tejribe toplandygyny belläp, ony şu welaýat boýunça jogapkär edip belledi hem-de degişli Karara gol çekdi.

Soňra Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, döwletimiz atçylyk pudagyny ösdürmäge köp möçberde serişdeleri gönükdirýär. Her bir welaýatda döwrebap aýlawlar guruldy. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi. Döwlet baýramy – Türkmen bedewiniň baýramy hem döredildi. At çapyşyklary yzygiderli geçirilýär. Atçylaryň aýlawly we ähli zerur gulluklary bolan, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän häzirki zaman şäherçesi guruldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň başlygy Ý.Annaýewiň hiç hili başlangyçlary öňe sürmeýändigini, teklipleri hem bermeýändigini, ahalteke bedewlerini wagyz etmek boýunça hem netijeli işleriň alnyp barylmaýandygyny, ýörite tabşyryk berilýänçä Ahalteke atlarynyň döwlet tohumçylyk kitabynyň hem taýýarlanmandygyny, atçylary taýýarlamak we höweslendirmek boýunça işleriň hem ýaramaz alnyp barylýandygyny aýtdy.

“Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly adyň döredilenine eýýäm iki ýyl bolandygyna garamazdan, şu wagta çenli hiç kime bu hormatly at dakylmady. At çapyşyklary yzygiderli geçirilýär, ýöne bu ýaryşlara atçylyk sportunda köp ýyllaryň dowamynda çykyş edip, at gazanan meşhur türgenler gatnaşmaýarlar.

Milli Liderimiz atçylyk sportunyň meşhur türgenleriniň ýaryşyny guramagyň maksadalaýyk boljakdygyny, meşhurlyk gazanan, uly işleri bitiren adamlara hormatly atlary dakmagyň möhümdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri düýpli seljermegi, ýaşlarymyza atçylyk ugry boýunça mynasyp bilim we terbiýe berjek adamlary – halypalary işe giňden çekmegi, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli, bu ugurda uly işleri bitirip, hormata mynasyp bolan adamlara hormatly atlary dakmak boýunça sanawy taýýarlamagy tabşyrdy. Goý, olar döwletimiziň özleri barada yzygiderli alada edýändigini duýsunlar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz atçylyk pudagynyň ylym we okuw binýadyny pugtalandyrmak, asyrlaryň dowamynda synagdan geçen atçylyk däplerini, aýratyn-da, atlary seýislemekde, olary çapmakda halypaçylyk ýörelgelerini üstünlikli dowam etmek, bu ulgamda netijeli iş alyp barmak üçin ylmy-barlag merkezini ýa-da ýokary okuw mekdebini açmak boýunça teklipleri taýýarlamak babatda tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşilmeýändigini aýtdy.

Milli Liderimiz “Türkmen atlary” döwlet birleşigi tarapyndan ýurdumyzyň belli atşynaslarynyň gatnaşmagynda ýörite maslahatlary gurap, paýtagtymyzda, aýratyn-da welaýatlarda halypa çapyksuwarlaryň iş tejribesini öwrenmek, olaryň çapyksuwarlyk ugry boýunça özboluşly usullaryny kämilleşdirmek hem-de olary ýaşlara ýetirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylmaýandygyny belläp, bu ugurda “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň ýolbaşçysy Ý.Annaýewiň alyp barýan işiniň guramaçylyk derejesine ýene bir ýola nägilelik bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede guramak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda geçirilýän ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşikleriniň, halkara forumlaryň türkmen halkynyň iň gowy atçylyk däpleriniň ösdürilmegine, ýurdumyzyň atçylyk we atçylyk-sport mekdebiniň halkara ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, behişdi bedewleriň bütin dünýädäki şan-şöhratynyň artdyrylmagyna ýardam edýändigini aýtdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ahalteke bedewi eziz Watanymyzyň ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygynyň nyşanyna, milli mirasyň dowamatlylygyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Biziň ganatly bedewlerimiz milli hem-de dünýä medeniýetiniň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolmagynda galmak bilen, Türkmenistanyň dürli ulgamlarda gazanýan ägirt uly üstünlikleriniň aýdyň nyşany bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem gowaça ekişini wagtynda hem-de ýokary hilli geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi talap edip, ekerançylykda ähli agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegine berk gözegçiligiň amala aşyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow galla oragynyň ýurdumyzyň ekerançylary üçin jogapkärli döwürdigini aýdyp, bu möhüm oba hojalyk möwsümine ykjam taýýarlyk görmegi, galla oragynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini ýokary derejede guramagy tabşyrdy.

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň häzirki wagtda alyp barýan kanunçykaryjylyk işi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döwlet gurluşygynyň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen, deputatlar düzüminiň öňünde goýlan wezipeleriň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde ýerine ýetirilýän çäreler barada habar berdi. Şeýle hem Mejlis tarapyndan halkara hyzmatdaşlyk we parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we giňeltmek boýunça geçirilýän işler barada habar aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlis tarapyndan geçirilýän kanun çykaryjylyk işleriniň döwlet syýasatynyň, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň netijeli guraly bolup durýandygyny belläp, deputatlar tarapyndan ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, raýatlyk edaralarynyň pugtalandyrylmagyna hem-de jemgyýetde demokratik ýörelgeleriň kemala gelmegine gönükdirilen çäreleriň işjeňleşdirilmelidigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň halkara derejesinde amala aşyrýan işleriniň Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berýändigini belläp, bu syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň baş maksadynyň milli bähbitleri, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegini, ýurdumyzda hukuk, demokratik, ykdysady we innowasiýa ugurlarynyň ösdürilmegini nazara almak bilen, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdygyny aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, işlerinde uly üstünlikleri, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda berkarar Watanymyzyň halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi