Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplum milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini artdyrar

2017-nji ýylyň 31-nji martynda Hormatly Prezidentimiz Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň ulanmaga berilmek dabarasynda çykyş edip, täze kärhananyň ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri – himiýa senagaty ösdürmek babatynda strategiki ähmiýetini belledi.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň halk hojalygynyň esasy pudaklarynyň biri bolan himiýa senagatyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan uly işler oňyn netijelerini berýär diýip, milli Liderimiz belledi. Ýerli çig mal serişdeleriniň rejeli we netijeli ulanylmagy ýurdumyzyň içinde hem, onuň çäklerinden daşarda hem uly islegden peýdalanýan himiýa önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär.

Häzir bu pudakda uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň birnäçesi amala aşyrylýar. Bu taslamalar oba hojalyk işgärlerine ekinleriň hasylyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan mineral dökünleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga we görnüşlerini giňeltmäge gönükdirilýär.

Şeýle taslamalaryň biri hem ýylda 1 million 400 müň tonna kaliý hloridini öndürýän dag-magdan toplumynyň gurluşygydyr. 2009-njy ýylyň iýun aýynda bu ýerde türkmen we belarus Liderleriniň gatnaşmagynda onuň düýbi tutuldy. Bu iri desganyň gurluşygy «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Belarus Respublikasynyň «Belgorhimprom» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda 2010-njy ýylyň ýanwarynda baglaşylan şertnama laýyklykda amala aşyryldy.

Şu gün bolsa, dag-himiýa senagatyny ösdürmegiň täze ugruny döretmegiň esasyny goýýan dag magdan toplumy işe girizilýär. Bu toplum ýerasty we ýerüsti desgalardan ybarat bolan ýokary tehnologiýaly senagat desgasydyr. Bu ýerde çig mal çykarmak üçin dik şahta guýularynyň ikisi guruldy. Çuňlugy 364 metr bolan birinji şahta guýusy boýunça kaliý magdany ýokary çykarylar. Çuňlugy 308 metr bolan ikinji şahta guýusy bolsa, işgärleri we enjamlary düşürmek hem-de galdyrmak üçin niýetlenendir. Kaliý magdanynyň gazylyp çykarylmagy dag geçiş toplumlarynyň kömegi bilen doly derejede enjamlaşdyrylan usulda amala aşyrylar. Üstki gatlaga çykarylan kaliý magdany soňra gaýtadan işlenip, gymmat bahaly dökün bolan kaliý hloridi öndüriler.

Bu ýerde taslama boýunça ýylda digirlenen görnüşli önümiň 600 müň tonnasyny we maýda üwelen önümiň hem 800 müň tonnasyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Önümiň ählisi dünýä ölçeglerine laýyk geler. Öndürilýän bu önümler diňe bir Türkmenistanyň kaliý dökünlerine bolan içerki isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem onuň ep-esli möçberini daşary ýurtlara ibermäge hem mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Kärhanada Germaniýadan, Beýik Britaniýadan, ABŞ-dan, Russiýadan we Belarusdan getirilen, dünýäniň belli önüm öndürijileriniň kämil tehnologiki enjamlary gurnaldy. Bu enjamlary işletjek işgärleri taýýarlamak üçin toplumyň gurluşygynyň çäklerinde ýokary bilimli ökde hünärmenleri, orta tehniki bilimli işgärleri we işçileri taýýarlamak maksatnamasy hem göz öňünde tutuldy.

Garlyk kaliý dag magdan toplumynyň işe girizilmegi bilen, bu ýerde 1600-den gowrak täze iş orunlary dörär. Bu bolsa, sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berer. Umuman, Türkmenistanyň senagat pudagynyň ösmegine saldamly goşant goşar. Milli Liderimiz hemmeleri ýurdumyzyň dag - himiýa senagatynyň iri önümçilik desgasy bolan, türkmen-belarus gatnaşyklarynyň we ykdysady hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysalyna öwrülen Garlyk dag-magdan toplumynyň işe girizilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi