Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2017-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine bagyşlanan nobatdaky mejlisini geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, taryhy waka — Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüdi mynasybetli ýurdumyzyň halkyna ýüzlenme bilen çykyş etdi.

Watandaşlarymyzy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda kabul edilen Rezolýusiýanyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň umumadamzat ähmiýetiniň bardygyny ýene-de bir gezek tassyklady diýip belledi. Bu resminamada geçen iki on ýylyň dowamynda bu ugurda toplanan tejribäniň möhümdigi görkezilýär. BMG-niň Baş Assambleýasy türkmen Bitaraplygynyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak üçin netijeli gatnaşyklaryň hem-de hyzmatdaşlygyň täsirli guraly hökmünde geljege gönükdirilendigini äşgär etdi.

Bu waka Garaşsyz Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ýokary baha mynasyp bolandygyna şaýatlyk edýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz onuň mähriban halkymyzyň parahatçylygy söýüjilik we ynsanperwerlik baradaky gadymy ýörelgelerine, köpasyrlyk ösüşiniň taryhy tejribesine we medeni däplerine esaslanýar diýip sözüni dowam etdi. Bu ýörelgeler we däpler ählumumy parahatçylygy hem-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu Rezolýusiýany doly goldandyklary üçin, awtordaş bolup çykyş eden ýurtlara hem-de Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletlere tüýs ýürekden minnetdarlygyny mälim etdi.

Biz Türkmenistanda bitaraplygy berkitmäge uly ähmiýet berýäris, onuň özboluşly hukuk ýagdaýyna buýsanýarys, Bitaraplyk biziň doktrinamyzdyr, ol tutuş dünýäde parahatçylygy saklamaga, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge çagyrýar, ynsanperwerlik ýörelgelerini yglan edip, agzybirlige ýardam berýär diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna üýtgewsiz eýerip gelýändigini, Bitaraplyk, parahatçylygy söýmek we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň özüniň daşary syýasatynyň binýatlyk esasy bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny hemişe iş ýüzünde subut edýändigini aýtdy.

Berkarar Watanymyzyň bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýäniň döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim ulgamlarynda we beýleki ugurlarda giň hyzmatdaşlygy ýola goýmakda möhüm orny eýeleýär. Ol köptaraply daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirmekde örän peýdaly bolup durýar.

Biziň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, energetika howpsuzlygyny gazanmak, daşky gurşawy goramak we halkara ulag geçelgelerini döretmek baradaky başlangyçlarymyz hem-de tekliplerimiz bütin dünýäde giň goldaw tapdy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Türkmenistanyň öňe sürýän daşary syýasy başlangyçlarynyň halkara giňişlikde giňden goldanylmagy we yzygiderli ösdürilmegi onuň Milletler Bileleşiginiň çäklerinde köptaraply diplomatiýasynyň netijeliliginiň barha ýokarlanýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär.

Döwlet Baştutanymyz ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, döwletimiziň geljekde hem ak göwünlilik, dostluk we halkara hyzmatdaşlygy giňden ösdürmek syýasatyny gyşarnyksyz alyp barjakdygyna berk ynanýandygyny, bu syýasatyň diňe bir milli däl, eýsem, dünýä bileleşiginiň bähbitlerine, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň maksatlaryna hem laýyk gelýändigini belledi.

Ýurdumyzyň halkyny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Halkara Bitaraplyk güni» baradaky Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, halkara giňişlikde öz abraýyny yzygiderli berkidýän we artdyrýan söýgüli Watanymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna alnyp barylýan işlerde uly üstünlikler arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, bu şanly wakadan gelip çykýan tabşyryklary yglan etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy esasynda halkara maslahaty taýýarlamak we geçirmek tabşyryldy. Bu resminamada bellenilip geçilişi ýaly, milli bitaraplyk syýasaty degişli sebitlerde halkara parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge ýardam edip biler. Ählumumy derejede hem dünýäniň ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orny eýeläp biler.

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň täze Rezolýusiýasyndan ugur alyp, ýurdumyzda bellenýän baýramçylyk günleriniň sanawyna we bu günleri baýram edip bellemegiň tertibine degişli üýtgetmeleri girizmek barada teklipler aýdyldy.

Wise-premýer G.Mämmedowa ýurdumyzyň ähli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bitaraplyk meselesini giňden we yzygiderli beýan etmek, dünýäde resmi taýdan bitaraplygy ilkinji bolup ykrar edilen Garaşsyz Türkmen döwletiniň alyp barýan syýasatynyň Ýer ýüzüniň ähli ýurtlary tarapyndan doly goldanýandygyny açyp görkezmek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe bolsa ähli bilim edaralarynda, mekdeplerde, institutlarda Türkmen bitaraplygynyň esaslaryny öwrenmek, bu ugurda jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri hökmany ýagdaýda geçirmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow soňra mejlisiň gün tertibine geçip, onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýanwar aýynda geçirilen işleriň netijelerine, döwlet durmuşynyň käbir möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaljakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň makroykdysady görkezijileri hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwri halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň okgunly ösüşi bilen häsiýetlendirildi.

Wise-premýer Türkmenistanyň 2016-njy ýylda durmuş-ykdysady ösüşiniň gutarnykly netijeleri barada hasabat berip, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterime deň bolandygyny, şol sanda senagatda 1,1 göterime, gurluşykda 4,3 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,7 göterime, söwdada 14,1 göterime, oba hojalygynda 9,9 göterime, hyzmatlar ulgamynda 10,4 göterime barabar bolandygyny habar berdi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalary boýunça aýlyk iş haky 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 9,2 göterim ýokarlandy.

Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. 2016-njy ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 59,5 milliard manada deň boldy hem-de öňki ýyl bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 0,4 göterim boldy.

Şu ýylyň ýanwar aýynda öndürilen önümiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,1 göterime barabar boldy.

Bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi geçen ýylyň degişli görkezijileri bilen deňeşdirilende, 16,9 göterim artdy. Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlary bellenilen çäklerde saklanyldy.

Geçen aýyň deslapky netijeleri boýunça Oba milli maksatnamasynyň rejelenen görnüşini durmuşa geçirmegiň çäklerinde suw hem-de lagym-arassalaýyş desgalarynyň 28-siniň, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 62-siniň, ýaşaýyş jaýlarynyň 782,6 müň inedördül metriniň, degişli inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 63,3 million manat boldy.

Häzirki wagtda binalaryň we desgalaryň 213-siniň gurluşygy tamamlanyldy, 107 desgada gurluşyk işleri dowam edýär. Şeýlelikde, gurluşygy tamamlanandan soň, häzirki zaman önümçilik desgalarynyň ulanmaga berilmegi içerki bazarda haryt bolçulygynyň üpjün edilmegine ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerine, umuman, kanagatlanma bildirip, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny okgunly ösdürmek, durmuş ulgamynyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak hem-de halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda goýulýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda okgunly ösüş derejesini saklamak maksady bilen toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň yzygiderli, ylmy esasda mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň geljek üçin meýilnamalaryny işläp taýýarlamagyň möhümdigini belläp, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň 2017-nji ýylyň birinji aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi.

Nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 108,1 göterim, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 107,6 göterim ýerine ýetirildi, şunda ösüş depgini 100,7 göterim üpjün edildi. Nebit önümleriniň birnäçesiniň öndürilişi boýunça meýilnamalar artygy bilen ýerine ýetirildi, şol sanda benzinleri öndürmegiň meýilnamasy 107,6 göterim berjaý edilip, ösüş depgini 100,1 göterime barabar boldy. Dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 109,8 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy bolsa 102,6 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, çalgy ýaglaryny öndürmegiň ösüş depgini 100,7 göterime deň boldy. Guýulary burawlamak boýunça meýilnama 157,3 göterim ýerine ýetirildi.

Wise-premýer Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy barada hem habar berdi. Onuň gurluşygy bellenen möhletlere laýyklykda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde eýeleýän möhüm ornuny belläp, pudagyň ähli serişdelerini içgin seljermegi hem-de nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak üçin mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagy talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda gurulýan gazhimiýa toplumlarynyň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Wise-premýere ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak babatda görkezmeler berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow gözegçilik edýän pudaklarynda 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Tutuşlygyna alnanda, obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň umumy möçberiniň ösüş depgini 104 göterime deň boldy. Şunda bu görkeziji Oba we suw hojalyk ministrligi boýunça 105,1 göterime, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti boýunça 104,6 göterime, “Türkmenatlary” döwlet birleşigi boýunça 106,6 göterime deň boldy. Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça bolsa ösüş depgini geçen ýylyň derejesinde saklandy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, unuň, unaş önümleriniň, çöregiň we çörek önümleriniň, etiň, süýdüň, ýumurtganyň, gök önümleriň öndürilen mukdary artdy. Ministrlik we pudak edaralary tarapyndan ýanwar aýynda maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 143,1 göterim ýerine ýetirildi.

Şeýle hem maldarçylyk pudagyny ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak, önümliligini ýokarlandyrmak, ilatyň et-süýt we beýleki maldarçylyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak, ot-iým bilen doly üpjün etmek boýunça zerur çäreler görüldi. Maldarlar hem-de çopanlar üçin ähli amatlyklar üpjün edildi. Şunuň bilen birlikde dowarlardan owlak-guzy almak möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki ekinleriň bol hasylynyň düýbüni tutmak boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigine ünsi çekip, agrotehniki çäreleriň ylmy esasda alnyp barylmagyny ýola goýmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk ekinlerine, aýratyn-da ak ekinlere zyýan berijilere garşy göreşmekde işleri talabalaýyk ýola goýmagyň, bu babatda pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň işlerini kämilleşdirmegiň, degişli ugurda alymlaryň netijeli işleri alyp barmagynyň, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň, suwaryş ýagdaýyny we suw üpjünçiligini gowulandyrmagyň ýurdumyzyň obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi.

Şeýle hem maldarçylyk pudagynyň düzüm bölümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, oba hojalyk önümleriniň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmak boýunça wise-premýere birnäçe anyk görkezmeler berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow milli ykdysadyýetimiziň senagat toplumynda şu ýylyň birinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň we öndürilen önümleriň meýilnamasy 127,5 göterim berjaý edildi.

Dokma senagaty ministrligi boýunça 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda önümçilik meýilnamasy 113,8 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 5,4 göterime deň boldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda ýanwar aýynyň meýilnamasy 102,8 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 2,8 göterime deň boldy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça hasabat döwründe önüm öndürmegiň meýilnamasy 109,2 göterim ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça önümçilik görkezijileriniň ösüş depgini 4,7 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň senagat ulgamynda alnyp barylýan işleriň durnukly, täzeçil ösüşe, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlik ukybynyň ýokarlanmagyna gönükdirilendigini belläp, ýurdumyzda öndürilýän senagat harytlarynyň dünýä bazarlaryndaky ornuny pugtalandyrmak üçin pudaklaýyn ösüş maksatnamalaryny, gaýtadan işleýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmagyň, netijeli tehnologiýalary we täzeçil usullary ornaşdyrmagyň hasabyna ýokary hilli, eksporta niýetlenen önümleriň öndürilişini artdyrmagyň meýilnamalaryny ýerine ýetirmäge aýratyn ähmiýet berilmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda Aziada — 2017-niň geçirilmegine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu oýunlaryň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda giňden wagyz edilmelidigini we mahabatynyň ýola goýulmalydygyny belledi hem-de ägirt uly sport çäresiniň degişli nyşanlary ýerleşdirilen dürli dokma önümleriniň görnüşlerini artdyrmak babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda gözegçilik edýän düzümleriniň maliýe-ykdysady görkezijileri hem-de türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýanwar aýynda Aşgabat şäher häkimligi boýunça önüm öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 100,4 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu görkezijiniň ösüş depgini 101,1 göterime deň boldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça geçen aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 108,4 göterime deň boldy. Şunda, 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 100,4 göterime barabar boldy.

Energetika ministrligi boýunça önüm öndürmegiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 111,1 göterime deň boldy hem-de geçen ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 100,8 göterime deň boldy.

Tutuş ýurdumyz boýunça şu ýylyň başyndan bäri 2 milliard 234 million 624 müň kWt/sagat elektrik energiýasy öndürildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu görkezijiniň ösüş depgini 107,4 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň düzümlerinde hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň umumy möçberi 13 million 141 müň 600 manada barabar boldy. Bu bolsa 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgininiň 112,6 göterime deň bolandygyny aňladýar. Şunda, meýilnama 110,8 göterim ýerine ýetirildi.

Şu ýylyň ýanwar aýynda “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 106,6 göterim berjaý edilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 101,3 göterime barabar boldy.

Şeýle hem Aşgabady abadanlaşdyrmak boýunça giň möçberli özgertmeleriň ýerine ýetirilişi, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň daş görnüşini döwrebaplaşdyrmak, inženerçilik-tehniki ulgamyň durkuny täzelemek, ulag ýollarynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere gözegçilik edýän düzümleriniň işine yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagy, ösüş depginini ýokarlandyrmak üçin zerur şertleri döretmegi we ýokary önümçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň özboluşly keşbini kemala getirmek boýunça şähergurluşyk maksatnamasynyň yzygiderli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine aýratyn ähmiýet berip, döwrebap, ýokary hilli, köp zolakly köprüleri gurmagyň hasabyna ösen ýol-ulag düzüminiň döredilmegi, ähli meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi, Aşgabadyň abadanlaşdyrylyşy we gök zolaklaryň döredilişi bilen baglanyşykly meseleleriň ýurdumyzyň baş şäheriniň ýokary derejesine kybap gelmegi babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ykjam taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işleri nazara almak bilen, paýtagtymyzyň gözellik derejesiniň mundan beýläk-de gowulandyrylmagy üçin zerur çäreler durmuşa geçirilmelidir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe söwdanyň dolanyşygy 361,2 million manada, şol sanda bölek satuw haryt dolanyşygy 98,8 million manada, lomaý haryt dolanyşygy 262,4 million manada deň bolup, degişlilikde 2,8 we 0,7 göterim artdy.

Ministrligiň kärhanalary boýunça jemi peýdanyň möçberi 49,8 million manada barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,2 göterim artdy. Hasabat döwründe 9,5 million manat maýa goýumlary özleşdirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça şu ýylyň birinji aýynda 21 birža söwdasy geçirilip, umumy bahasy 1,6 milliard manada deň bolan 797 şertnama hasaba alyndy.

Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe 1,4 million manatlyk hyzmat işleri amala aşyrylyp, onuň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 23,3 göterim artdy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça 59,6 million manada barabar senagat önümleri, 63,9 million manatlyk oba hojalyk we azyk önümleri öndürilip, olaryň möçberi, degişlilikde, 82,3 we 2,2 göterim artdy. Ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi 126,6 million manada deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,4 göterim artdy. Söwda haryt dolanyşygy 920 million manatdan gowrak bolup, 5,3 göterim artdy, hyzmat ulgamynda bolsa 79,5 million manatlyk işler ýerine ýetirilip, 12,1 göterim artdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligini öndürilişini artdyrmak hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyndan has-da netijeli peýdalanmak, dünýä bazarynda onuň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, döwlete dahylsyz kärhanalaryň önümçiligini ilerletmek üçin içerki mümkinçilikleri we daşary ykdysady ýagdaýlary seljermegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň telekeçiligiň tejribesini giňden peýdalanmagyň, ykdysady, innowasion ösüşi işjeňleşdirmegiň, ilatymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer ulaglar we aragatnaşyk ulgamy tarapyndan hasabat döwründe 311 million manatlyk ýük, ýolagçy we aragatnaşyk hyzmatlarynyň ýerine ýetirilendigini habar berdi.

Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 100,2 göterime barabar boldy.

Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 103 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 104 göterime we ýolagçy gatnatmakda 101,4 göterime barabar boldy.

Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 102 göterim üpjün edildi.

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça şu ýylyň birinji aýynda awia hyzmatlaryň ösüş depgini 103 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 107 göterime we ýolagçy gatnatmakda 103 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 117 göterim, ösüş depgini bolsa 101 göterim üpjün edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ulag ulgamynyň uly önümçilik kuwwatyna eýedigini, munuň bolsa ýük daşamagyň hem-de ýolagçy gatnatmagyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýändigini belledi. Döwrebap ulag we üstaşyr düzüminiň döredilmegi, oňa täze çäkleriň çekilmegi diňe bir ýük dolanyşygynyň möçberleriniň artýandygyny aňlatman, eýsem, ählumumy ösüşiň ölçeglerine laýyk gelýär hem-de gadymy türkmen topragynyň gatnaw ýollarynyň çatrygy bolmak wezipesiniň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini alamatlandyrýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz döwrebap ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek meselesine ünsi çekip, bar bolan mümkinçiliklerden doly peýdalanmagy talap etdi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa şu ýylyň ýanwar aýynda gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Aýyň başynda teatrlaryň artistleriniň, sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde hem-de medeniýet edaralarynda Täze ýyl dabaralary geçirildi. Şeýle hem şanly seneler we durmuş-medeni maksatly täze desgalaryň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dürli çäreler guraldy.

Işjeň ösdürilýän halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan türkmen we hytaý artistleriniň bilelikdäki konserti guraldy. Hindistan Respublikasynyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi mynasybetli ýurdumyzyň teatrlarynda we kinokonsert merkezlerinde Hindistanyň aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary geçirildi. Daşary ýurt sungat ussatlary muzeýlerde boldular, taryhy ýadygärlikler, türkmen halkynyň milli taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdylar.

Häzirki wagtda Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär, onuň çäklerinde türkmenistanlylar dostlukly ýurduň aýdym-saz, amaly-haşam we kino sungaty bilen tanyşýarlar.

Täze döwrüň wezipelerine laýyklykda, medeniýet edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, neşirýat işini kämilleşdirmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Ýanwar aýynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan umumy sany 4 million 38 müň nusgalyk kitap önümleriniň 20 görnüşi çap edildi. 5 million 100 müň manatlyk neşir önümleri öndürilip, 14,5 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýurdumyzyň iri möçberli gazananlaryny, oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagyny beýan etmek boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işleri netijesinde 2 million 362 müň 700 manat girdeji gazanyldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 100,3 göterime deňdir.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň üstünlikli ösdürilmeginiň wajypdygyny belledi, olar ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli özgertmeleriň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini döredijilikli hem-de anyk şöhlelendirmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleriniň geçirilýändigi barada aýdyp, türkmen-eýran ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň iki döwletiň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýandygyny, iki halkyň baý hem-de özboluşly taryhy-medeni mirasyny öwrenmek, gorap saklamak hem-de giňden wagyz etmek işinde olaryň ornuny belläp, iki halkyň umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna uly goşant goşandyklaryny aýtdy we EYR-niň Medeniýet günlerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ruhy mirasy mundan beýläk-de öwrenmek meselesine degip geçmek bilen, häzirki wagtda daşary ýurtlaryň ylmy merkezlerinde we kitaphanalarynda türkmen halkynyň beýik şahsyýetlerine degişli köp sanly maglumatlaryň, şol sanda olaryň golýazmalarynyň saklanylýandygyny, olary öwrenmegiň hem-de giňden wagyz etmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz giň halkara hyzmatdaşlygyna, halklaryň ýakynlaşmagyna ýardam berýän bu möhüm işiň ýerine ýetirilmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýdyp, şunuň bilen baglylykda, bu babatda halkara maslahatlaryny guramagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda hem, daşary döwletlerde hem geçirilýän medeni çäreleriň ählisiniň ýokary derejede guralyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhuny beýan etmelidigini nygtap, bu babatda wise-premýere degişli anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň başyndan bäri geçirilen işleriň jemleri barada hasabat berip, mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezleriniň 14-sinde 3422, welaýatlaryň dynç alyş merkezleriniň bäşisinde 1376 çaganyň dynç alandygyny habar berdi.

2016—2017-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň başlanmagy mynasybetli ähli bilim edaralarynda dabaralar hem-de “Sagdynlyk we ruhubelentlik ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň durmuş ýörelgesidir” diýen şygar bilen ilkinji sapaklar geçildi.

Ýanwar aýynda türkmen mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, 2 kümüş we 2 bürünç medala eýe boldular. Hasabat döwründe okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň 9-sy neşir edildi.

Ýaşlary ylmy işlere ugrukdyrmak, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015—2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny” ýerine ýetirmek boýunça meýilnama laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda 2017-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Ýaş alymlar merkezi döredildi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ugurdaş institutlarynyň hünärmenleri tarapyndan tehnologiýa başlangyçlaryň we gurluşyk hem-de önümçilik maksatly taslamalaryň birnäçesi işlenip taýýarlanyldy we önümçilige ornaşdyryldy.

2017-nji ýylyň “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly meseleler hakyndaky” Karara laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary, jemgyýetçilik guramalary, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport, medeni-sagaldyş, arassaçylyk hem-de abadanlaşdyryş çärelerini geçirýärler.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmasy boýunça 3 desgada gurluşyk işleri alnyp baryldy. Ulgam boýunça döwlet meýletin lukmançylyk ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowuşýan serişdeleriň möçberiniň ösüş depgini 104 göterime deň boldy.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde köptaraplaýyn işler dowam etdirilýär. 30—31-nji ýanwarda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde daşary ýurt wekilleri üçin “Açyk gapylar güni” guraldy.

Biziň türgenlerimiziň ussatlyk derejesini ýokarlandyrmak hem-de olaryň halkara ýaryşlaryna taýýarlygyny üpjün etmek maksady bilen, yzygiderli okuw-türgenleşik taýýarlyklary, dürli bäsleşikler we ýaryşlar guralýar. Hasabat döwründe ýurdumyzda 12 ýaryş hem-de köpçülikleýin sport çäreleriniň 9-sy geçirildi.

Ýanwar aýynda türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynyň bäşisinde çykyş edip, jemi 12 medala: 5 altyn, 4 kümüş we 3 bürünç medala eýe boldular.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere öz gözegçilik edýän ulgamynyň ugurdaş edaralarynyň işleriniň guralyşyny işjeňleşdirmek we oňa çemeleşmeleri täzelemek boýunça görkezmeler berdi, şeýle hem döwlet ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlaryny kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz ähli durmuş ugurly pudaklaryň toplumlaýyn ösdürilmegini üpjün etmegiň, ýokary hilli bilim bermegiň, jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamagyň zerurdygyny aýtdy. Şeýle-de, hormatly Prezidentimiz alymlarymyzyň tagallalarynyň ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna täze tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ylmy-tehniki döredijiligiň, amaly barlaglaryň ösdürilmegine hem-de häzirki zaman ylmynyň düýpli esaslarynyň kemala getirilmegine gönükdirilmelidigini aýratyn nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Aziada — 2017-ä taýýarlyk görmegiň ileri tutulýan meselelerine wise-premýeriň ünsüni çekip, birnäçe ugurlar boýunça işleriň has okgunly häsiýetiniň üpjün edilmegini, bu işlere gatnaşýan edaralaryň we guramalaryň işlerini has utgaşykly ýola goýmagy talap etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Halkara Bitaraplyk güni” atly Kararnamasynyň kabul edilmegi bilen döwlet Baştutanymyzy tüýs ýürekden gutlady.

Şunuň bilen baglylykda, bu senäniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen we Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahatynda öňe süren başlangyjy esasynda ykrar edilendigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, Aşgabatda geçirilen halkara çäresine gatnaşyjylar bu teklibi biragyzdan goldap, onuň maslahatyň jemleýji resminamasynda berkidilmelidigini nygtadylar.

Bu başlangyjy durmuşa geçirmek maksady bilen, geçen ýylyň dowamynda BMG-niň ugurdaş düzümlerinde degişli geňeşler guraldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň jemleri boýunça ýokarda agzalan Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Bitarap Türkmenistanyň dünýä giňişliginde ýokary abraýa eýe bolýandygynyň we onuň ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine goşýan goşandynyň ählumumy derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, geçen aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berip, ýurdumyzyň giň halkara hyzmatdaşlyk ugruna eýermek bilen, ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýändigini belledi.

Dürli derejedäki wekiliýetleriň alşylmagynyň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy daşary döwletler bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň okgunly ösüşine şaýatlyk edýär. Hasabat döwründe daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde birnäçe halkara çäreleri, maslahatlar, duşuşyklar guraldy. Halkara resminamalarynyň birnäçesine gol çekildi.

Daşary işler ministrlikleriniň derejesindäki ikitaraplaýyn geňeşler Türkmenistan bilen beýleki döwletleriň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirildi. Hususan-da, şu ýylda Aşgabatda ýurdumyzyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeş maslahatlary geçirildi.

Şunuň bilen birlikde, ýanwar aýynda hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Türkmen-özbek we Türkmen-täjik hökümetara toparlarynyň nobatdaky mejlisleri geçirildi.

Şeýle hem 1-nji ýanwardan başlap, Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň Başlygy hökmünde öz borçlaryna girişip başlandygy bellenildi.

Möhüm wakalaryň hatarynda paýtagtymyzda 26-njy ýanwarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň düzümine girýän Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň nobatdaky mejlisiniň bolandygyny bellemeli.

Daşary işler ministrligi beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk boýunça giň möçberli işleri dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň wekilleriniň iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, hususan-da, halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçylary we beýlekiler bilen duşuşyklaryň guralandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwletara derejesinde bolşy ýaly, sebitara we halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeň ösdürjekdigini, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrjakdygyny belledi.

Daşary işler ministrliginiň we ýurdumyzyň diplomatik wekilhanalarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň döredijilikli başlangyçlaryny we degişli çözgütleri, şeýle hem 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegini giňden wagyz etmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň parlamentiniň şu ýylyň ýanwarynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglylykda kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alyp baran işleri hem-de şu ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.

Ýurdumyzyň Mejlisiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna, ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşine we döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak baradaky toplumlaýyn maksatnama laýyklykda täze Kanunlary taýýarlamak boýunça işleri dowam etdirýändigi bellenildi. Ýanwar aýynda kanunçylyk resminamalarynyň 6-sy, şol sanda bir kanun we Mejlisiň bäş karary kabul edildi. Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň şu ýylyň 4-nji fewralynda bolan on sekizinji maslahatynda kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi.

Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilmegini guramak meselesi barada durup geçip, onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, milli parlamentiň wekilleriniň ýurdumyzyň sebitlerinde iş saparlarynda bolup, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň saýlaw uçastoklarynda alnyp barylýan işler bilen tanşandyklaryny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryny we tutuş türkmen jemgyýetiniň durmuşyny okgunly ösdürmegiň bähbidine milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi hem-de kanunçykaryjylyk ulgamynda halkara tejribesini hemmetaraplaýyn öwrenmegiň möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deputatlaryň ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň ilerledilmegine ýardam etjek tejribäni giňden öwrenmelidiklerini belledi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň ahyrynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň öňünde durýan wezipeleriň kesgitlenendigini aýdyp, häzirki döwürde ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini belledi.

Şunlukda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň işjeňleşdirilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreleriň dowam etmelidigine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz bu ugurda degişli pudaklar bilen sazlaşykly işiň üpjün edilmelidigini aýtdy.

Aýratyn-da, dolandyryş düzümleriniň işini yzygiderli kämilleşdirmek, maliýe-ykdysady ulgamlara dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini, täzeçil usullary ornaşdyrmak, şeýle hem ykdysadyýetimiziň köpugurly esasda ösdürilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmagy möhüm bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynda durmuşa geçirilýän giň möçberli işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede alnyp barylmalydygyny, obasenagat toplumynyň düzümleriniň işiniň ylmy esasda kämilleşdirilmelidigini belläp, döwlet Baştutanymyz pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikleri, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi