Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklandy

2017-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň maslahatyny geçirdi, onda Ministrler Kabinetiniň täze düzümini tassyklamak bilen bagly meselelere hem-de taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz maslahatyň gün tertibini yglan edip, «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düzümini tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekdi, Ministrler Kabinetiniň düzümi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň on orunbasaryndan, 21 ministrden we 27 sany konserniň hem-de komitetiň başlyklaryndan ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümeti düzmegi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasaryny wezipä bellemekden başlap, bu ugurlaryň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýändigini, olaryň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam berjekdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz baý iş tejribesini göz öňünde tutup, bu ulgamlara gözegçilik edýän S.Toýlyýewi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinde galdyrmak barada karara gelendigini aýtdy.

Ylym we bilim biziň üstünliklerimiziň hem-de öňe gitmegimiziň esasy bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Biz innowasiýalary we iň täze tehnologiýalary ulanmak bilen, öňdebaryjy tejribä hem-de ylmyň gazananlaryna daýanyp, giň gerimli maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirýäris, bu tehnologiýalary we tejribeleri halk hojalyk toplumynyň ähli ugurlaryna tapgyrma-tapgyr ornaşdyrýarys. Şonuň bilen birlikde, ykdysady, syýasy, medeni we bilim mümkinçiliklerimizi ýokarlandyrýarys. Ata Watanymyzy depginli ösdürmegiň ýoly bilen öňe alyp barýarys diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ylym we bilim ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmegi, hususan-da, ýokary hünärli ýaş işgärleri – alymlaryň täze neslini taýýarlamagy, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi berkarar döwletimiziň özgerdiji syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.

Şu wezipelerden ugur alyp, sanly bilim ulgamyny giňden ösdürmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we bu ulgamdaky esasy wezipeleri kesgitledi. Bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron materiallar (elektron kitaplar, elektron seminarlar we beýlekiler) hem-de degişli usullar (uzak aralykdan bilim bermek we başgalar) esasynda kämilleşdirmek zerur bolup durýar.

Sanly okuw serişdeleri we enjamlary mugallymlar hem-de okuwçylar üçin elýeterli bolmalydyr. Şu maksat bilen, milli Liderimiz S.Toýlyýewe beýleki degişli döwlet edaralary bilen bilelikde sanly bilim ulgamy baradaky konsepsiýany işläp taýýarlamagy hem-de gözegçilik edýän ulgamlaryny ösdürmegiň maksatnamalaryny ýakyn wagtda Hökümetiň mejlisine hödürlemegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere işinde üstünlik arzuw edip, ony wezipä bellemek hakyndaky Permana gol çekdi.

Wise-premýer bildirilen ýokary ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, gözegçilik edýän ulgamlarynyň işini has-da ilerletmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz medeniýet hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamyna gözegçilik eden G.Mämmedowa alyp baran işleri üçin minnetdarlyk bildirip, onuň baý iş tejribesiniň başga bir möhüm işde peýdalanjakdygyny aýtdy.

G.Mämmedowa milli Liderimize öz işine beren ýokary bahasy üçin hoşallyk bildirip, özüne ynanylan islendik wezipede netijeli işläp, öz güýç-gaýratyny, bilimini we tejribesini öňde goýlan wezipelerini çözmäge gönükdirjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet meseleleri boýunça orunbasary wezipesine A.Garajaýewi bellemek barada karara gelendigi barada aýdyp, onuň medeniýet bilen bagly dürli wezipelerde baý iş tejribesini nazara almak bilen, bu işiň hötdesinden geljekdigine ynam bildirdi.

A.Garajaýew döwlet Baştutanymyza bildiren ýokary ynamy üçin hoşallyk bildirip, ulgamyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli güýjüni we başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu jogapkärli wezipä täze bellenilen ýolbaşça ýüzlenip, medeniýet ulgamyndaky syýasata ýurdumyzy durnukly ösdürmek strategiýasynyň esasy şertleriniň biri hökmünde garaýandygyny--munuň bolsa, Hökümetiň öňünde duran çözülmeli wezipeleriň kesgitleýji, ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ilaty medeni gymmatlyklar bilen has giňden tanyşdyrmak, şahsyýeti ruhy we ahlak taýdan ösdürmek, durmuş hem-de ykdysady özgertmeleriň barşynda medeniýetiň ornuny güýçlendirmek üçin täze şertleri döretmegiň ähmiýetini belledi.

Biz dünýä giňişliginde berkarar döwletimiziň diňe bir ykdysady taýdan däl-de, eýsem, ruhy we döredijilik babatda hem ýokary mümkinçiligi bolan ýurt hökmünde tanalmagyny gazanmalydyrys diýip, milli Liderimiz wise-premýeriň işine şol wezipeleriň ýerine ýetirilişine görä baha beriljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti degişli Permana gol çekip, A.Garajaýewe täze wezipede üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz B.Hojamämmedowyň baý iş tejribesiniň bardygyny belläp, ony ýene-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary bilen işlemek boýunça orunbasary wezipesine bellemek baradaky karara gelendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmegi we kämilleşdirmegi, bazar gatnaşyklaryna geçilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi. Milli Liderimiz sözüni dowam edip, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimiziň ösüş depgininiň saklanyp galmagyny hem-de mundan beýläk-de ýokary depginler bilen ösmegini üpjün etmelidigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýynyň hemişe berk gözegçilikde saklanylmagynyň, işleriň barşynda ýüze çykýan meseleleri gyssagly çözmäge ýardam berilmegini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz karz beriş edaralarynyň ýakyn geljekdäki işleri barada aýdyp, Merkezi bankyň öňünde ileri tutulýan milli maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşmaly ýurdumyzyň banklarynyň maýa goýum gorlaryny artdyrmak boýunça wezipeleriň durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ykdysadyýetiň önümçilik pudaklaryny karzlaşdyrmak boýunça işleri güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, halkara maliýe edaralary, şol sanda Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky hem-de daşary ýurtlaryň beýleki esasy banklary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge aýratyn üns berilmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň" durmuşa geçirilmeginiň barşyna hemişe gözegçilik edilmegini işleriň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz degişli Permana gol çekip, wise-premýere işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Öz nobatynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi öňde goýlan möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegi üçin ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz baý iş tejribesini nazara alyp, Ý.Kakaýewi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz pudagynyň meseleleri boýunça orunbasary wezipesine bellemek barada karara gelendigini aýtdy.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýangyç-energetika pudagynyň ýolbaşçylarynyň esasy ünsüni ilkinji nobatda önümçilik tabşyryklarynyň gürrüňsiz ýerine ýetirilmegini, pudagyň maliýe-ykdysady ösüşini, önümiň ýokary düşewüntli bolmagyny gazanmaga çekmeli.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kontinentüsti «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygyny dowam etmegiň zerurdygy barada aýdyp, möhüm halkara ähmiýeti bolan bu gaz geçirijiniň diňe bir Türkmenistandan Günorta Aziýanyň uly ýurtlaryna tebigy gazy uzak möhletleýin ibermegi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem tutuş sebiti mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin hem kuwwatly güýje öwrülmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bulardan başga-da, «Galkynyş» gaz känini, geljegi uly bolan beýleki nebitgaz ýataklaryny mundan beýläk-de özleşdirmegi dowam etmegi pudagyň öňünde duran ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny has çalt özleşdirmek maksady bilen, daşary ýurt maýa goýumlaryny köp çekmäge degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz degişli Permana gol çekip, Ý.Kakaýewe işinde üstünlik arzuw etdi.

Wise-premýer bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi özüne ynanylan işde yhlasly zähmet çekjekdigine hem-de nebitgaz toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen ähli wezipeleri öz wagtynda ýerine ýetirmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine R.Bazarowy belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýüzlenip, obasenagat toplumynda geçirilýän düýpli özgertmeleri işjeňleşdirmegi talap etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň agrar pudagyny ösdürmegiň döwlet strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere ünsi çekip, bu ugurda özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmakda oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna möhüm ornuň degişlidigini belledi.

Hususan-da, esasy oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak örän möhüm we baş wezipeleriň biri bolup durýar. Bu netijeler ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň, ýerli toprak-howa şertlerini göz öňünde tutmak bilen, işlenip taýarlanan, ylmy taýdan esaslandyrylan usullary giňden ornaşdyrmagyň, tohumçylyk işini talabalaýyk guramagyň, suw serişdelerini aýawly peýdalanmagyň hasabyna gazanylmalydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirlikçe şeýle netijeler görünmeýär. Häzirki döwürde ylmy-barlag oba hojalyk institutlary ýaramaz işleýär, olaryň işi baradaky meselä soň serediler.

Hormatly Prezidentimiz R.Bazarowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, onuň işine galla hasyly ýygnalandan soň baha beriljekdigini belledi.

R.Bazarow döwlet Baştutanymyza bildiren ýokary ynamy üçin hoşallyk bildirip, obasenagat toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri çözmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy meseleleri boýunça orunbasary wezipesine D.Amangeldiýewi belledi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle karara gelendigi barada aýdyp, wise-premýeriň öňünde onuň gözegçilik edýän gurluşyk, energetika ministrlikleriniň hem-de “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň ýurdumyzy mundan beýläk-de özgertmek boýunça kesgitlenen meýilnamalary ýerine ýetirmekde esasy orunlary eýelemegini nazara almak bilen, çylşyrymly we möhüm wezipeleriň durýandygyny belledi.Türkmen paýtagtyny dünýäniň gözel we abadanlaşdyrylan şäherleriniň birine öwürmek boýunça maksada gönükdirilen işler dowam etdirilmelidir, bu ýerde ilatyň oňaýly ýaşamagy we dynç almagy üçin ähli şertler döredilýär.

Şeýle hem milli Liderimiz "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň" amala aşyrylmagyna gözegçiligi güýçlendirmegiň möhümdigini aýdyp, dürli desgalaryň we binalaryň gurluşygynyň ýokary hilli ýerine ýetirilip, bellenilen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz bu işleriň Hazaryň kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan desgalara hem degişlidigini nygtady.

Ýurdumyzda başy başlanan, Garaşsyz Watanymyzy ösdürmäge hem-de türkmen halkynyň abadançylygyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi köp babatda göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegine baglydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz degişli Permana gol çekip, D.Amangeldiýewe işde üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew döwlet Baştutanymyza bildiren ýokary ynamy üçin çuňňur hoşallygyny bildirip, ähli gujur-gaýratyny, bilimini we tejribesini peýdalanmak bilen öz öňünde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin tutanýerli zähmet çekip, ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga mynasyp goşandyny goşjakdygyny ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz iş tejribesini göz öňünde tutup, B.Ereşowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat meseleleri boýunça orunbasary wezipesinde galdyrmak kararyna gelendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň senagat toplumynyň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigini belläp, baş wezipäniň ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek bolup durýandygyny nygtady. Munuň üçin ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny köpräk çekmek, bilelikdäki kärhanalary, elektron senagatyny döretmek, dürli görnüşli elektron we kompýuter önümlerini öndürmegi ýola goýmak zerur bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, dokma senagatynyň mümkinçiligini artdyrmak, bu pudagy ösdürmek üçin döwletiň yzygiderli gönükdirýän örän köp möçberdäki serişdeleriniň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek möhümdir.

Şunuň bilen baglylykda, könelişen dokma önümçiliklerini döwrebap ýagdaýa getirmek we olaryň durkuny düýpli täzelemek üçin gyssagly tertipde ähli zerur çäreleri görmegiň wajypdygy aýratyn nygtaldy. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzda dokma önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak zerurdyr.

Milli Liderimiz halyçylyk pudagy bilen bagly meselelere hem ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz gözbaşy asyrlara uzap gidýän halyçylyk sungatynyň biziň bahasyna ýetip bolmajak milli baýlyklarymyzyň bir bölegidigini aýdyp, halyçylygy ösdürmek üçin has amatly şertleri üpjün etmek maksady bilen, bu pudagy hususylaşdyrmagyň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz degişli Permana gol çekip, B.Ereşowa işinde üstünlik arzuw etdi.

Wezipä täzeden bellenen wise-premýer döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, eziz Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine özüne ynanylan ulgamda tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow B.Atdaýewi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda meseleleri boýunça orunbasary wezipesinde galdyrýandygyny aýdyp, milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlary hökmünde bu ulgamy we telekeçiligi ösdürmegiň möhüm wezipeleri barada durup geçdi.

Olaryň hatarynda ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek wezipeleri bar. Söwda-senagat edarasy ýurdumyzda öndürilýän harytlary işjeň mahabatlandyrmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Häzirki döwürde dünýäniň ýokary depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna doly hukukly goşulýan Garaşsyz Türkmenistanyň gazanýan ägirt uly üstünliklerini giňden wagyz etmek wajypdyr.

Geljekde milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde hususy telekeçilige örän möhüm ornuň berilýändigini göz öňünde tutup, döwletimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işini hemişe goldap geldi we geljekde hem goldar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz öňde duran wezipeler mynasybetli Döwlet haryt-çig mal biržasynyň ýurdumyzda öndürilip, daşary ýurtlara iberilýän harytlary satmak, şeýle hem harytlary ýurdumyza has amatly nyrhlar bilen getirmek meselelerine örän uly üns bermelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň önümlerini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we dünýä bazarlarynda mahabatlandyrmak boýunça biržanyň netijeli işlemegini ýola goýmagy talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz degişli Permana gol çekip, B.Atdaýewe işinde üstünlik arzuw etdi.

Wise-premýer jogapkärli wezipä belländigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipeleriniň hötdesinden abraý bilen gelmek üçin güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulaglar we aragatnaşyk meseleleri boýunça orunbasary wezipesine B.Annameredowy belledi.

Ulaglar we aragatnaşyk milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklaryny toplumlaýyn ösdürmekde möhüm orny eýeleýär diýip, milli Liderimiz onuň aýratyn-da, täze demir ýollary gurmaga we bar bolan demir ýollaryň durkuny täzelemäge degişlidigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň demir ýol ulgamlarymyzyň örän uly halkara ähmiýeti barada aýdyp, bu ulgamlara bizden başga-da, goňşy döwletleriň hem, alysdaky köp sanly ýurtlaryň hem gyzyklanma bildirýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýüzlenip, onuň esasy wezipesiniň bu ýollary gysga möhletiň içinde dünýä standartlarynyň derejesine ýetirmekden ybaratdygyny aýtdy.

V Aziýa oýunlarynyň ýakynlaşmagy bilen baglylykda, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň medeniýetini we hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak meselelerine hem düýpli üns bermeli. Hyzmatlar ulgamy örän ýokary derejä çykarylmalydyr. Bu meseleler diňe bir demir ýol ulgamynyň däl-de, eýsem, ulagyň beýleki ähli görnüşleriniň, şol sanda awtomobil, howa we suw ulaglarynyň ýolbaşçylarynyň hem hemişe üns merkezinde bolmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Aragatnaşygyň häzirki zaman görnüşlerini ösdürmek meseleleriniň ykdysadyýetimiz üçin hem, ilatymyz üçin hem aýratyn möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu ulgamy iň öňdebaryjy tehnologiýalary, ygtybarly we ýokary netijeli enjamlary giňden ulanmak esasynda has-da ösdürmegiň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem howa menzillerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagy hem-de gurmagy dowam etmek, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurluşygyny tamamlamak barada tabşyryk berildi.

Ähli artyk awtobuslary Awtomobil ulaglary ministrliginden we beýleki guramalardan polisiýa bermek baradaky meselä seretmek zerur bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda geçirilýän dürli çärelere okuwçylaryň we talyplaryň öz awtobuslarynda barmaklary üçin awtobuslary orta we ýokary okuw mekdeplerine berkitmegiň maksadalaýyk boljakdygy aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti degişli Permana gol çekip, wezipä täze bellenilen wise-premýere işinde üstünlik arzuw etdi.

B.Annameredow döwlet Baştutanymyza bildiren ýokary ynamy üçin hoşallyk bildirip, bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam edip, R.Meredowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri wezipelerine bellemek barada karara gelendigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, hökümetiň diplomatik korpusynyň gatnaşmagynda ýaňy-ýakynda geçirilen mejlisinde Daşary işler ministrliginiň öňünde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugrunyň ýakyn ýyllar üçin Konsepsiýasy kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki abraýyny has-da berkitmek üçin, dahylly ministrlikleriň we pudak edaralarynyň gatnaşmagynda bu Konsepsiýany doly möçberde durmuşa geçirmek wezipesiniň zerurdygyna R.Meredowyň ünsüni çekdi.

Hormatly Prezidentimiz degişli Permana gol çekip, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Wise-premýer bildirilen ýokary ynam üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyk bildirip, öz öňünde hem-de ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň öňünde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmek üçin öz ähli güýjüni, tejribesini we bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy 20-21-nji fewralda Moskwada geçirilen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-russiýa toparynyň nobatdaky onunjy mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyzyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna bolan iş saparynyň netijeleri barada habar berdi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy seljerildi, olaryň geljekki ösüş ugurlary anyklaşdyryldy hem-de özara hereket etmegiň geljegi uly täze ugurlary kesgitlenildi. Mejlisiň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara, şol sanda degişli Teswirnama hem-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda 2017-2019-njy ýyllarda ykdysady taýdan hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekildi, bu maksatnamany ýerine ýetirmegiň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda rus tarapynyň döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardygy tassyklanyldy. Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň DIM-de gepleşikler geçirildi, şol gepleşikleriň netijeleri boýunça iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2017-nji ýyl üçin hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow däp bolan dostluk, netijeli häsiýete eýe bolan türkmen-rus gatnaşyklary baradaky meselä degip geçip, iki döwletiň we halkyň bähbitlerine laýyk gelýän özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we medeni-ynsanperwer aragatnaşyklary pugtalandyrmakda we giňeltmekde bilelikdäki Hökümetara toparynyň işiniň möhüm orun tutýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mümkinçiligini netijeli ulanmak üçin bar bolan mümkinçilikleriň hemmesini peýdalanmagyň wajypdygyny görkezip, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyna gatnaşmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasyna boljak iş saparynyň maksatnamasy barada hasabat berdi. Garaşylyşy ýaly, YHG-a agza döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşjak maslahatynyň çäklerinde milli Liderimiz ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasynyň ileri tutulýan ýörelgeleriniň biriniň abraýly sebit we halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup durýandygyny nygtady. Şol guramalaryň hatarynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasyna iş saparyna hem-de YHG-nyň maslahatyna gatnaşmagyna taýýarlyk görlüşiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz maslahatyň barşynda «Türkmenistanyň Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak hakyndaky» Permana, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak hakyndaky Buýruga gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa 7-nji martda jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan enelere bu adyň nyşanyny Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy. Milli Liderimiz şeýle hem şol gün milli parlamentiň ýolbaşçysy A.Nurberdiýewa hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe ýaşaýyş jaýyna örän mätäçlik çekýän köp çagaly maşgalalaryň birnäçesine täze jaýyň açarlaryny gowşurmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Hökümetiň maslahatynyň jemini jemläp, wise-premýerleriň täze Hökümeti bir aýyň dowamynda düzmek baradaky kanuna laýyklykda, gözegçilik edýän pudaklaryňyzyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek üçin mynasyp adamlary bir hepdäniň dowamynda hödürlemelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudaklaryň ýolbaşçylaryny hödürlemegiň aýratyn jogapkärlidigini belläp, wise-premýerlerden bu meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşmegi talap etdi. Biz her bir ýolbaşçynyň örän netijeli işlemegi, halkymyzyň bähbidine gujur-gaýratyny, bilimini we tejribesini doly ulanyp işlemegi üçin, ýolbaşçylary üns bilen seçip almalydyrys hem-de ýerli-ýerinde dogry goýmalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we ähli derejedäki ýolbaşçylardan berk talap ediljekdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz çykyşyny dowam edip, gaýragoýulmasyz wezipeleri çözmäge ünsi çekdi we wise-premýerleriň her biriniň ähli tagallalaryny ileri tutulýan birnäçe wezipelerde jemlemelidigini belledi. Milli Liderimiz ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ilkinji nobatda çözmeli bu wezipelerini Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda belläp geçendigini aýtdy.
.
Men Hökümetiň öňünde ilatyň girdejilerini we ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagy, şäherlerde we obalarda talabalaýyk ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmegi wezipe edip goýdum diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şu maksat bilen geljek ýedi ýylda döwletimizi ösdürmegiň Prezident maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň hem-de Hökümetiň mejlisine hödürlemegiň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz öňümizdäki V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek meseleleri barada durup geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowa hem-de wise-premýer S.Toýlyýewe 7-nji aprelde bu möhüm sport forumyna bagyşlanan halkara maslahatyny ýokary derejede geçirmegi, maslahata Aziada–2017-ä gatnaşjak ähli Olimpiýa federasiýalarynyň wekillerini çagyrmagy hem-de bu oýunlary geçirmegiň hemme meselelerini ýene-de bir gezek seljermegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz şu maksatlar bilen, zerur bolan resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak, maslahat geçirmek, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidentiniň beren, V Aziýa oýunlarynyň sport maksatnamasynyň gutarnykly görnüşine ýene-de bir gezek seretmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty jemläp, ýygnananlary ýokary döwlet wezipelerine bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady we olara berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, öz öňlerinde goýlan, ilkinji nobatda berjaý edilmeli ähli wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi