Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Nagt däl hasaplaşyklar: ähmiýeti we bu ugurda alnyp barylýan işler

Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň çäklerinde bank ulgamynyň işine döwrebap tehnologiýalar, häzirkizaman bank hyzmatlary ornaşdyrylýar. Bu bank hyzmatlarynyň içinde nagt däl hasaplaşyklar, aýratyn hem fiziki şahslar üçin şahsy maksatlarda, şahsy zerurlyklar üçin ulanylýan bank kartlary arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklar aýratyn orna eýedir.

Elbetde, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen birlikde, bu ugurda bolup biljek töwekgelçiliklerden, täze döreýän kiberhowplardan goranmak, has dogrusy bank edaralarynyň müşderilerini we olaryň pul serişdelerini goramak örän wajyp wezipe bolup öňe çykýar. Bu mesele milli bank ulgamynyň daşary ýurtlaryň bank edaralary bilen özara gatnaşyklarynyň, halkara töleg ulgamlary bilen baglanyşygynyň ösmegi bilen ugurdaşlykda halkara hasaplaşyklar ulgamlary babatda has hem ýiti bolup durýar.

Ýagny, halkara töleg ulgamlaryna degişli Visa we Mastercard kartlarynyň eýeleriniň daşary ýurtlara gidenlerinde anyklanmadyk, doly gözegçilik edilmeýän ýerlerde ýerleşdirilen bankomatlardan nagt pul almaklary, şonuň ýaly-da doly bilmeýän internet saýtlaryndan harytlary satyn almak üçin öz kartlarynyň maglumatlaryny girizmekleri, öz gezeginde şol kartlary we ondaky bar bolan pul serişdeleriniň goraglylygyny goşmaça töwekgelçiliklere sezewar edýär. Diýmek isleýänimiz, kibermümkinçilikleriň häzirki ýokary derejä çykan wagtynda, şeýle mümkinçiliklerden kezzapçylyk maksadynda peýdalanýan adamlaryň hem bolup bilýändigini hem-de öz maglumatlaryňy we şonuň bilen birlikde, öz pul serişdeleriňi goragly saklamak üçin kart eýelerine aýratyn jogapkärçiligiň düşýändigini her birimiziň bilmegimiz zerurdyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan hem daşary ýurtlara iş saparlaryna, dynç almak ýa-da okuw üçin gidenlerinde işjeň ulanylýan Visa, Mastercard halkara töleg ulgamlary tarapyndan bar bolan we täze döreýän kiberhowplara garşy göreşmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde kart eýeleriniň özleri tarapyndan hem ýerine ýetirilmeli birnäçe howpsuzlyk çäreleri bellenendir. Olara esasan öz kartyňy we ony ulanmak üçin zerur maglumatlary, şahsy maglumatlary we şertli belgileri başga birine berilmezligi, kartlary öz şahsy zerurlyklaryňa haryt ýa-da hyzmat satyn almak üçin ulanylanda nagt däl görnüşde hasaplaşmak, kiçiräk möçberde nagt pul almak zerurlygy bolanda hem, diňe ygtybarly ýerlerde goýlan bankomatlardan peýdalanmak, kart hasabyňdaky pul serişdeleriniň hereketi barada SMS maglumat hyzmatyndan peýdalanmak ýaly hökman berjaý edilmeli çäreler degişlidir.

Raýatlarymyz üçin Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan hödürlenýän Visa we Mastercard halkara töleg ulgamlarynyň kartlaryndan peýdalanylanda ýurdumyzyň çäginde milli manatda, daşary ýurtlarda bolsa, şol ýurduň pul birliginde nagt däl tölegleri geçirmek üçin kart hasabynda bar bolan pul serişdeleriniň çäginde hasaplaşyklar bökdençsiz amala aşyrylýar. Şonuň bilen birlikde, öz pul serişdelerini bar bolan we täze ýüze çykýan töwekgelçiliklerden goramak üçin ilkinji nobatda kart eýeleriniň jogapkärli we ünsli hereket etmekleri zerurdyr.

Ýurdumyzda bank kartlaryny ulanylyş ulgamynyň gerimini giňeltmek maksady bilen, karz edaralary tarapyndan daşary ýurt tejribesiniň döwrebap tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak boýunça degişli işler dowam etdirildi. 

Netijede, 2017-nji ýylyň 1-nji fewraly ýagdaýyna ýurdumyzyň prosessing merkezlerinde hasaba alnan bank kartlarynyň sany 1 758 113-e deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,6 esseden gowrak artdy, terminallaryň sany 15561-e deň bolup, geçen ýylyň degişli döwrüne görä 2,5 esse, bankomatlaryň sany bolsa 2 019-a ýetip, 2 esse ýokarlandy.

Türkmenistanyň karz edaralary bank kartlarynyň üsti bilen töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşde köpsanly söwda we hyzmat ediş nokatlarynda harytlary satyn almak, aragatnaşyk, saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlary, awtoulaglaryň ýangyjy, döwlet ätiýaçlandyryş, demir ýol we awiapetekler üçin tölemek, karzy üzmek we onuň göterimlerini tölemek boýunça töleg terminallaryny ornaşdyrdylar.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirligi tarapyndan ýol hereketlerinde sürüjileriň düzgün bozmalaryna salynýan jerimeleri ykjam terminallaryň üsti bilen kabul etmek mümkinçiligi Aşgabat şäherinde döredildi.

Bankomatlar ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan raýatlara elýeterli we amatly nokatlarda ýerleşdirilip, nagt pul almak, degişli edara gitmezden öýjükli telefonlaryň hyzmaty, «Türkmentelekom» döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hödürleýän internet hyzmaty, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hödürleýän internet, öý telefon we IP-TV hyzmatlary üçin tölemek, ipoteka karzlaryny gaýtarmak we olaryň göterimlerini tölemek, müşderiniň öyjükli telefonlaryna SMS arkaly bank kart üsti bilen geçirilen amallary boýunça habar beriş hyzmaty ýaly amatly mümkinçilikler döredildi.

Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, bank kartlaryndan peýdalanyjylara hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak hem-de bank ulgamyna döwrebap hyzmatlary ornaşdyrmak maksady bilen geçirilýän işleriň çäklerinde bank kartlarynyň üsti bilen, hakyky wagt tertibinde  hasaplaşyklary geçirmek üçin internet-bank ulgamy taýýarlanyldy.

Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan “Mobil-bank” hyzmatyny işe goýbermek boýunça hem işler alnyp barylýar. Bu hyzmat hem edil “Internet-bank” hyzmaty ýaly müşderilere ýeňillikleri döredýär. Müşderiler işleýän ykjam telefonlaryny ýa-da planşetlerini ulanyp, hödürlenilýän hyzmatlardan peýdalanyp bilerler. “Internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamlarynyň üsti bilen hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.