Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklar ulgamynyň kämilleşmegi

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe, Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynda, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak ugrunda, şol sanda ýokary amatlyklary hödürleýän nagt däl hasaplaşyklaryň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça degişli çäreler amala aşyrylýar.

2017-nji ýylyň 1-nji fewraly ýagdaýyna ýurdumyzyň prosessing merkezlerinde hasaba alnan bank kartlarynyň sany 1 758 113-e deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,6 esseden gowrak artdy.

Häzirki wagtda söwda merkezlerinde, saglyk edaralarynda, ätiýaçlandyryş guramalarynda, awiapetek satýan nokatlarda ilatdan tölegleri bank kartlarynyň üsti bilen almak boýunça ähli zerur şertler döredildi.

Bank kartlarynyň üsti bilen töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşde söwda we hyzmat ediş nokatlarynda harytlary satyn almagyň, aragatnaşyk, jemagat we ýaşaýyş hyzmatlaryny tölemegiň, awtoulaglaryň ýangyjy üçin tölemegiň, saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlary, awiapetekler üçin tölemegiň, karzy üzmek we onuň göterimlerini tölemegiň döwrebap, amatly we howpsuz usullary hödürlenýär.

2017-nji ýylyň 1-nji fewraly ýagdaýyna ornaşdyrylan töleg terminallarynyň sany 15 561-e deň bolup, geçen ýylyň degişli döwrüne görä 2,5 esse ýokarlandy.

Bankomatlar ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan raýatlara elýeterli we amatly nokatlarda ýerleşdirilip, nagt puly çykarmak, degişli edara gitmezden öýjükli telefonlaryň hyzmaty, «Türkmentelekom» döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hödürleýän internet hyzmaty, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hödürleýän internet, öý telefon we IP-TV telewideniýe hyzmatlary üçin tölemäge, ipoteka karzlaryny gaýtarmaga we olaryň göterimlerini, saglyk ätiýaçlandyryş töleglerini tölemek ýaly amatly mümkinçilikler hödürleýär.

2017-nji ýylyň 1-nji fewraly ýagdaýyna 2 019 sany bankomat ornaşdyrylyp geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2 esse ýokarlandy.

Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, bank kartlaryndan peýdalanyjylara hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak hem-de bank ulgamyna döwrebap hyzmatlary ornaşdyrmak maksady bilen geçirilýän işleriň çäklerinde bank kartlarynyň üsti bilen, hakyky wagt tertibinde  hasaplaşyklary geçirmek üçin internet-bank ulgamy taýýarlanyldy. Onuň ýurdumyzda giňden ýaýradylmagy ugrunda zerur bolan çäreler durmuşa geçirilýär.

Şeýle-de ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan “Mobil-bank” hyzmatyny işe goýbermek boýunça hem işler alnyp barylýar. Bu hyzmat hem edil “Internet-bank” hyzmaty ýaly müşderilere ýeňillikleri döredýär. Müşderiler işleýän ykjam telefonlaryny ýa-da planşetlerini ulanyp, hödürlenilýän hyzmatlardan peýdalanyp bilerler.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasaty netijesinde, dünýäniň ençeme ýurtlary bilen syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer aragatnaşygy ýola goýuldy. Russiýa Federasiýasynda, Ukrainada, Belarus Respublikasynda, Hytaý Halk Respublikasynda, Koreýa Respublikasynda, Türkiýe Respublikasynda we dünýäniň onlarça beýleki ýurtlarynda ýaş türkmenistanlylar üçin bilim almaga mümkinçiligi döredildi.

Häzirki wagtda şahsy taraplara satylýan daşary ýurt pulunyň aňryçäk möçberi her aýda 1000 (bir müň) amerikan dollaryna deň bolup, şahsy taraplaryň satyn alýan daşary ýurt pullary (Visa, MasterСard) kartlaryna geçirilýär, şeýle hem WesterUnion, MoneyGram halkara geçirim ulgamlary arkaly daşary ýurtlara iberilýär. Türkmenistanyň karz edaralary daşary ýurtda bilim alýan türkmenistanly ýaşlar üçin amatly bolan şu hyzmatlary yzygiderli we bökdençsiz ýagdaýda ýerine ýetirýärler.

MasterCard we VISA halkara bank kartlary daşary ýurtda okaýan ýaşlar üçin örän uly mümkinçilikler hödürleýär. Häzirki günde Türkmenistanyň ähli karz edaralarynda we olaryň ýurduň çägindäki ähli şahamçalarynda MasterCard we VISA halkara bank kartlaryny edinmek boýunça şertler döredildi. Daşary ýurtda bilim alýan ýaşlaryň bilim alýan döwründe bilim edarasyna degişli tölegleri, şahsy harajatlaryny olaryň adyna açylan MasterCard we VISA halkara bank kartlarynyň üsti bilen tölemäge mümkinçilikler bar.

Şeýle kartlaryň üsti bilen nagt däl görnüşde hasaplaşyklaryň ählisini ýerine ýetirmek mümkin bolup, zerur ýagdaýlarda bankomatlar arkaly kart hasabynda duran pullar nagt görnüşde hem alnyp biliner. Şeýle-de MasterCard we VISA halkara bank kartlarynyň kömegi bilen okuw üçin kitaplary, harytlary we beýleki hyzmatlary internetiň üsti bilen satyn alyp bolýar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde nagt däl hasaplaşyklar ulgamyny ösdürmek bilen, ýurdumyzda hasaplaşyklary döwrebaplaşdyrmak, halkara derejesine çykarmak we raýatlar üçin amatly bolmagyny gazanmak maksat edinilýär.