Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň şanyna ýurdumyzyň Merkezi banky her biriniň 100 manat hümmeti bolan altyn we kümüş teňňeleri, şeýle hem şol teňňeleriň toplumyny çykardy.

Teňňeleriň ýüz tarapynyň merkezinde Gün şöhleleriniň ýokarsynda Türkmenistanyň kartasy we Garaşsyzlyk binasynyň şekili ýerleşdirildi. Onuň aşak çetinde ýurdumyzyň Bitaraplygyny alamatlandyrýan zeýtun şahajyklary goýlupdyr. Garaşsyzlyk binasynyň şekiliniň sag tarapynda şanly senäni alamatlandyrýan “ХХV” belgi, çep tarapynda bolsa bäş sany milli göllerimiz ýerleşdirildi.

a tenne

Teňňäniň ýokary başynda “ÝAŞASYN GARAŞSYZ, BAKY BITARAP” diýen ýazgy, aşak çetinde bolsa “TÜRKMENISTAN!” diýen ýazgy bar. Iki ýazgynyň aralygynda sekizburç görnüşindäki şekiller ýerleşdirilipdir.

Teňňeleriň arka tarapynyň merkezinde Türkmenistanyň Döwlet tugrasy, onuň ýokarsynda bolsa, ýarym aýlaw görnüşinde “TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKY” diýen ýazgy, aşak çetinde bolsa — “ÝÜZ MANAT” ýazgysy, şeýle hem sekizburçly şekiller ýerleşdirilipdir. Altyn teňňäniň çep tarapynda onuň Au 916,7 derejesi, kümüş teňňäniň hem Ag 925 derejesi görkezilipdir. Altyn teňňäniň sag tarapynda onuň agramy (39,94 gram), kümüş teňňäniň sag tarapynda hem onuň agramy (28,28 gram) görkezilipdir.

k tenne

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýörite şahadatnamasy bilen kepillendirilen ýokary hilli täze teňňeleriň diametri 38,61 millimetre barabardyr.

Ýurdumyzyň täze taryhynyň möhüm senesi bolan şanly baýramçylygyň öňüsyrasynda çykarylan täze teňňeler Türkmenistanyň gymmatly teňňeler toplumynyň üstüni ýetirer we ol ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň teňňe ýygnamaga höwesli köp sanly adamlary üçin özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüler.

TDH