Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Nagt däl hasaplaşygyň tehnologiýalary jemgyýetiň hyzmatynda

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak ugrunda, şol sanda jemgyýet üçin ähmiýeti ýokary bolan amatlyklary üpjün edýän nagt däl hasaplaşyklaryň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça degişli çäreler amala aşyrylýar.

Bank kartlary nagt däl görnüşde hasaplaşyklary geçirmegiň döwrebap töleg guraly bolup, islendik wagt bankomatlaryň üsti bilen nagt pul serişdelerini almak, pul geçirimlerini aňsatlaşdyrmak hem-de çaltlaşdyrmak, şeýle hem hasaplaşyklar geçirilende wagty tygşytlamak ýaly hyzmatlardan peýdalanmaga mümkinçilik döredýär.

Bank kartlarynyň üsti bilen töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşde söwda we hyzmat ediş nokatlarynda harytlary satyn almagyň, aragatnaşyk, jemagat we ýaşaýyş hyzmatlaryny tölemegiň, awtoulaglaryň ýangyjy üçin tölemegiň, saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlary, awiapetekler üçin tölemegiň, karzy üzmek we onuň göterimlerini tölemegiň döwrebap, amatly we howpsuz usullary hödürlenýär.

Bankomatlar ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan raýatlara elýeterli we amatly nokatlarda ýerleşdirilip, nagt puly çykarmak, degişli edara gitmezden öýjükli telefonlaryň hyzmaty, «Türkmentelekom» döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hödürleýän internet hyzmaty, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hödürleýän internet, öý telefon we IP-TV telewideniýe hyzmatlary üçin tölemäge, ipoteka karzlaryny gaýtarmaga we olaryň göterimlerini, saglyk ätiýaçlandyryş töleglerini tölemek ýaly amatly mümkinçilikler hödürleýär.

Bank kartyny saklaýjylara amatly şertler döretmek maksady bilen, ýurdumyzyň ähli karz edaralary tarapyndan bank kart hasabyndaky galyndy pul serişdelerine belli bir möçberde göterim hasaplanýar. Bu bolsa müşderilere goýum hökmünde goşmaça girdeji çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Ýokarda bellenen nagt däl hasaplaşyk tehnologiýalary bütin dünýäde birnäçe onýyllygyň dowamynda jemgyýete ygtybarly we netijeli hyzmat edip, şu güne çenli hem wajyplygy we ulanylyşy dowam edýär. Türkmenistanda bank kartlarynyň, bankomatlaryň we töleg terminallarynyň giň tory hereket edýär we günsaýyn onuň jemgyýet üçin elýeterliligi we netijeliligi ýokarlanýar. Aşgabat şäherinde we ýurduň ähli welaýat we etrap merkezlerinde, ilatly ýaşaýyş ýerlerde banklar tarapyndan bankomatlar yzygiderli esasda ornaşdyrylyp, olaryň bökdençsiz hyzmat etmegi ugrunda çäreler durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyz boýunça 1427 sany bankomat hereket edip, olaryň 434 sany Aşgabat şäheriniň, 150 sanysy Ahal welaýatynyň, 222 sanysy Balkan welaýatynyň, 180 sanysy Daşoguz welaýatynyň, 246 sanysy Lebap welaýatynyň 195 sanysy bolsa Mary welaýatynyň çäklerinde ýerleşýär.

Ýurdumyz boýunça töleg terminallarynyň 12671 sanysy gurnalyp, olaryň 5227 sanysy Aşgabat şäheriniň, 934 sanysy Ahal welaýatynyň, 1353 sanysy Balkan welaýatynyň, 1511 sanysy Daşoguz welaýatynyň, 1998 sanysy Lebap welaýatynyň, 1648 sanysy bolsa Mary welaýatynyň çäklerinde ýerleşýän söwda dükanlarynda, jemgyýetçilik iýmiti we beýleki hyzmatlary edýän nokatlarynda hereket edýär.

Ýokarda bellenen çäreleriň ählisi nagt däl hasaplaşygyň tehnologiýalaryndan jemgyýetiň giňden ulanmagyna we bu tehnologiýalaryň hödürleýän amatlyklaryndan doly we netijeli peýdalanmagyna gönükdirilen. Bu bolsa öz gezeginde Türkmenistanda alnyp barylýan “Döwlet adam üçindir” şygarly syýasatyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň anyk mysalydyr.

Annamuhammet Atamyradow,
TMB-niň Bank işlerini awtomatizasiýalaşdyryş
müdirliginiň başlygy