Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Döwrebap tehnologiýalar – göwnejaý hyzmatlar

Häzirki döwürde Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak ugrunda, şol sanda halk köpçüligi üçin ýokary ähmiýetli amatlyklary üpjün edýän nagt däl hasaplaşyklaryň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli çäreler amala aşyrylýar. Şol tehnologiýalary ösdürmekde bank kartlarynyň uly ähmiýeti bardyr. Bank kartlary nagt däl görnüşde hasaplaşyklary geçirmegiň döwrebap töleg guraly bolup, olar jemgyýetimize barha giňden ornaşýar. Olar islendik wagt bankomatlaryň üsti bilen nagt pul serişdelerini almak, pul geçirimlerini aňsatlaşdyrmak hem-de çaltlaşdyrmak, şeýle hem hasaplaşyklar geçirilende wagty tygşytlamak üçin amatlyklary döredýär.

Döwrebap tehnologiýalaryň ösmegi bilen, bank kartlarynyň üsti bilen hödürlenilýän hyzmatlaryň hem sany barha artýar. Häzirki wagtda bank kartlary arkaly töleg terminallarynyň üsti bilen, nagt däl görnüşde söwda we hyzmat ediş nokatlarynda harytlary satyn almak, aragatnaşyk, jemagat we ýaşaýyş jaý hyzmatlaryna tölegi, awtoulag ýangyjy üçin tölegi, saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlary, awiapetekleri üçin tölegi, karzy üzmek we onuň göterimleriniň tölemegini amala aşyrmak üçin döwrebap, amatly we howpsuz usullar hödürlenýär.

Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan raýatlara elýeterli we amatly nokatlarda ýerleşdirilýän maglumat-amal terminallary we bankomatlar arkaly degişli edara gitmezden öýjükli telefonlaryň (“TmCell”, “CDMA”, “MTC”) hyzmaty, «Türkmentelekom» döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hödürleýän internet hyzmaty, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hödürleýän internet, öý telefon we IP-TV telewideniýe hyzmatlary üçin, saglyk ätiýaçlandyryş üçin tölegleri tölemäge, bank karzlarynyň esasy bergisini gaýtarmaga we olaryň göterimlerini tölemäge şertler döredildi.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirligi tarapyndan Aşgabat şäheriniň çäklerindäki ýol hereketlerinde sürüjileriň düzgünbozmalary üçin salynýan jerimeleri ykjam töleg terminallarynyň üsti bilen kabul etmek ýola goýuldy.

Bu hyzmatlar boýunça menzilara, nagt däl görnüşinde hasaplaşyklaryň geçirilmegi, raýatlar üçin pul serişdelerini tygşytlamaga, şeýle hem gymmatly wagtlaryny tygşytlamaga mümkinçilik berer. Ýurdumyzda bank kartlarynyň üsti bilen, nagt däl hasaplaşyklaryň ösdürilmegi nagt pullary ýasamak, kabul etmek, saklamak, eltmek we dolandyrmak bilen bagly çykdajylary tygşytlamaga hem öz täsirini ýetirer.

Bank kartyny saklaýjylara amatly şertler döretmek maksady bilen, ýurdumyzyň ähli karz edaralary tarapyndan bank kart hasabyndaky galyndy pul serişdelerine belli bir möçberde göterim hasaplanýar. Bu bolsa müşderiler üçin goýum hökmünde goşmaça girdeji çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Nagt däl hasaplaşyk tehnologiýalary bütin dünýäde birnäçe onýyllygyň dowamynda halk köpçüligi üçin bank hyzmatlarynyň ygtybarly we netijeli görnüşi bolup, häzirki döwre çenli hem wajyplygyny ýitirmän gelýär we giňden ulanylýar.

Soňky ýyllarda geçirilen bank özgertmeleri netijesinde, ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyk tehnologiýalary barha giň meşhurlyga eýe bolýar. Türkmenistanda bank kartlarynyň, bankomatlaryň we töleg terminallarynyň giň tory hereket edýär we onuň jemgyýet üçin elýeterliligi we netijeliligi günsaýyn ýokarlanýar. Aşgabat şäherinde we ýurduň ähli welaýat we etrap merkezlerinde, ilatly ýerlerde banklar tarapyndan bankomatlar yzygiderli esasda ornaşdyrylýar, olaryň bökdençsiz hyzmat etmegi ýola goýulýar.

Bank kartyny saklaýjylara kart hasaplaryndaky serişdeleriniň hereketine bolan gözegçiligi alyp barmak üçin ýörite “SMS habar beriş” hyzmaty hödürlenilýär. Bu hyzmatdan kart saklaýjylaryň aglaba bölegi uly höwes bilen peýdalanýarlar. Sebäbi kart hasaby boýunça hereket bolan ýagdaýynda, öňünden kesgitlenilen ykjam telefon belgisine bu barada SMS habary gelýär. Bu bolsa kart hasabyndaky serişdeleriň goragyny üpjün etmek üçin goşmaça hyzmat bolup durýar.

Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, bank kartlaryndan peýdalanyjylara hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak hem-de bank ulgamyna döwrebap hyzmatlary ornaşdyrmak maksady bilen geçirilýän işleriň çäklerinde bank kartlarynyň üsti bilen, hakyky wagt tertibinde  «online» hasaplaşyklary geçirmek üçin internet-bank ulgam hyzmaty taýýarlanyldy. Bu ulgamyň üsti bilen bilen, ykjam aragatnaşyk hyzmatlar üçin tölegi, Türkmenistanyň “Prezidentbank” döwlet täjirçilik bankyndan alnan ipoteka karzy gaýtarmak, bir kartdan başga karta pul geçirimini amala aşyrmak we kart hasabynyň hereketini görmek ýaly hyzmatlar hödürlenilýär. Şeýle hem yzygiderli gaýtalanýan tölegleri awtomatlaşdyrmak üçin ýörite mümkinçilik döredilen. Her bir raýat bu hyzmatlardan internet ulgamyna birleşdirilen islendik şahsy kompýuteriň ýa-da ykjam telefonyň üsti bilen peýdalanyp biler.

Internet-bank ulgamy bank hyzmatlarynyň müşderä internet arkaly elýeterli we has çalt görnüşde ýetirilmegini üpjün edýär. Bankyň internet ulgamyndaky sahypasynyň kömegi bilen, müşderi dünýäniň islendik ýerinde hakyky wagt tertibinde, kart hasabynyň ýagdaýy barada maglumat alyp, bank tarapyndan hödürlenilýän islendik görnüşli amallary geçirip biler. Internet-bank ulgamy bankyň wekillerine hem, sarp edijilere hem özleriniň hususy maksatnama ulgamlary üçin zerur bolan «online» bank geçirim serişdelerini erkin dowam  etdirmeklerine-de ýardam  berýär.

Internet arkaly bank hyzmatlarynyň artykmaçlyklary, birinjiden, internet torunyň bar bolan islendik nokatda hasaplary dolandyrmak mümkinçiliginden ybaratdyr. Ikinjiden, olar wagty tygşytlamak we ondan netijeli peýdalanmak nukdaýnazaryndan amatlydyr. Üçünjiden, hakyky wagtda köpsanly amallaryň çalt amala aşyrylmagy üpjün edilýär. Dördünjiden, amallar tiz geçirilýär. Bäşinjiden, müşderi ulgama birikdirilen islendik kompýuter ýa-da telefon arkaly öz hasabyny dolandyryp, täze bank hyzmatlaryny görüp we saýlap bilýär. Ine, şeýle amatlyklar barha ösýän döwrümizde müşderileriň ösen talaplaryny kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.  

Internet bank hyzmatlary müşderilere ep-esli ýeňillikleri üpjün etmek we peýdaly bolmak bilen bir hatarda, banklar üçin hem netijeli we tygşytlydyr. Bu hyzmatlaryň banklar üçin oňaýly taraplarynyň esasysy müşderiniň kanagatlanmasy bolup durýar. Müşderiler islendik ýerden öz hasaplaryny ulanyp, köpdürli bank hyzmatlaryndan peýdalanmak arkaly banklar bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýarlar. Şeýlelik bilen, banklaryň öz müşderilerini dürli amatlyklar, ýaýbaňlandyrylan geografik elýeterlilik hem-de hyzmatlaryň köpdürliligi bilen üpjün etmegi hökmany şert bolýar.

Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan “Mobil-bank” hyzmatyny işe goýbermek boýunça hem işler alnyp barylýar. Bu hyzmat hem edil “Internet-bank” hyzmaty ýaly müşderilere ýeňillikleri döredýär. Müşderiler IOS ýa-da Android operasion ulgamynda işleýän ykjam telefonlaryny ýa-da planşetlerini ulanyp, hödürlenilýän hyzmatlardan peýdalanyp bilerler. “Internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamlarynyň üsti bilen hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.

Ýurdumyzda VISA we MasterCard halkara töleg ulgamynyň kartlaryna bolan isleg hem günsaýyn artýar. Häzirki wagtda bu kartlaryň birnäçe görnüşleri çykarylýar. Raýatlarymyz VISA we MasterCard kartyny taýýarlatmak üçin islendik ygtybarly banka ýüz tutup bilýärler. Kart hasabyna aýlyk zähmet hakynyň möçberine laýyklykda bir aýyň dowamynda 1000 amerikan dollarynyň hümmetindäki manat serişdelerini goýup bilýärler. Bu pul serişdelerini daşary ýurtlara gidilen wagty nagt we nagt görnüşinde sarp etmäge mümkinçilik berilýär.

VISA  we MasterCard  kartlary ulanylanda, gije-gündüziň dowamynda kart hasabyndaky pul serişdeleriniň elýeterli bolmagy üpjün edilýär. Bu bank kartlary  dükanlarda harytlara, hyzmat edilýän nokatlarda edilen hyzmatlara tölegleri amala aşyrmak üçin degişli terminallaryň üsti bilen, çalt hasaplaşmaga mümkinçilik berýär.  Şeýle hem syýahata gidilende, nagt puly götermek, olar barada biynjalyk bolmak we daşary ýurt puluny satyn almak meseleleri aradan aýrylýar. Bank karty ýitirilen ýa-da ogurlanan ýagdaýynda, onuň işini togtatmak we täze karty taýýarlatmak mümkindir. Şeýle hem kart hasabynyň göçürmesini almak bilen, çykdajylara  gözegçilik  etmek ýeňilleşdirilýär.

Bank kartlary arkaly hödürlenilýän hyzmatlaryň sanynyň artdyrylmagy we ilatyň bu hyzmatlardan peýdalanmaga işjeň gatnaşmagy kart eýeleriniň wagtyny we maliýe serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik bermek bilen, milli  ykdysadyýetimiziň sazlaşykly işine hem oňyn goşant goşar.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ykdysady we durmuş taýdan barha kuwwatlanýan ýurdumyzda halkymyzyň bank hyzmatlarynyň mümkinçiliklerinden ösen döwrüň talaplaryna laýyklykda peýdalanyp bilmegi üçin giň mümkinçilik döredilýär. Bu işleriň ählisi halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň durmuşymyzyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär.

Annamuhammet Atamyradow,
TMB-niň Bank işlerini awtomatizasiýalaşdyryş
müdirliginiň başlygy