Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Daşary ýurt önümleriniň ornuny tutmak: Türkmenistanyň senagat-tehnologik ösüşiniň strategik ugry

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryna ulgamlaýyn we tapgyrlaýyn geçmek işi daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, içerki bazary ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli, daşary ýurtlardan getirilýän harytlar bilen bäsleşmäge ukyply harytlar bilen doldurmak babatda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek bilen utgaşdyrylýar.
Şu babatda kiçi we orta işewürligi, telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamak boýunça yzygiderli hem-de işjeň durmuşa geçirilýän syýasat oňyn netijeleri berýär.
Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlan söwda merkezleriniň we dükanlaryň tekçeleriniň harytlardan doly bolmagy häzirki wagtda mähriban topragymyzyň bol hasyllylygynyň, halkymyzyň abadançylygynyň derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygynyň, milli ykdysady nusganyň netijeli häsiýete eýediginiň alamatyna  öwrüldi. 

Häzirki wagtda oba hojalygynda hususy ulgamyň paýy 92 göterimden geçýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň birinji ýarymynda 505,13 million manatlyk oba hojalyk we azyk önümleri öndürildi, olaryň möçberi degişlilikde 34,3 göterim we 49,1 göterim artdy.

Tutuş ýurdumyz boýunça  oba hojalygynda jemi önümiň möçberi 2011-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende, 2015-nji ýylda 1,6 esse artdy. 2016-njy ýylyň 6 aýynyň dowamynda dänäniň öndürilişi 5,8 göterim, unuň öndürilişi 1,7 göterim, etiň öndürilişi 4,1 göterim, süýdüň öndürilişi 1,8 göterim,  ýumurtganyň öndürilişi 5,5 göterim, gök önümleriň öndürilişi 33,4 göterim, bakja önümleriniň öndürilişi bolsa iki esseden gowrak artdy.

Türkmen telekeçileri obasenagat toplumynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ilatymyzyň ekologiýa taýdan arassa azyk we ýokumly önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýän täze önümçilik tehnologiýalaryny ynamly özleşdirmegi dowam etdirýärler. Häzirki wagtda Türkmenistanda etiň, ýumurtganyň, süýdüň, gök we bakja önümleriniň agramly bölegi hususy ulgamda öndürilýär. Mundan başga-da, guşçulyk toplumlarynyň gurulmagynyň hasabyna goňşy ýurtlara towuk ýumurtgalarynyň eksport edilmegi ýola goýuldy.

Maksada gönükdirilen döwlet goldawynyň netijesinde maldarçylyk toplumlary ulanmaga berlip, olarda iri şahly mallaryň golştin, simmental ýaly ýokary önüm berýän tohumlary saklanýar. Ýene-de bir toplum et berýän angus tohumlaryny köpeltmäge niýetlenendir. Ol mermerliginiň (etindäki ýag gatlaklarynyň mukdary) ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Bu bolsa ýurdumyzyň ilatyny iň oňat hilli sygyr eti bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Iri we ownuk şahly mallaryň derisini we ýüňüni eksport etmeklik ösdürilýär—2016-njy ýylyň 6 aýynyň içinde şeýle önümleriň 3 million kilograma golaýy daşary ýurtly sarp edijilere ugradyldy.

Balyk senagatynyň ösdürilmegi hem milli ykdysadyýetimiziň azyk ulgamynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmaga ýardam edýär. Bu ulgamda ýurdumyzyň telekeçileri hem öz orunlaryny düýpli berkitdiler.      

2015-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenbaşy şäheriniň merkezinde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Hazar balyk» açyk paýdarlar jemgyýetiniň bekre balyklaryny köpeltmek, gara işbil we balyk önümçiligi boýunça toplumynyň açylmagy bu pudakda şanly waka boldy. Onuň ýyllyk kuwwaty bekre görnüşli balyk önümleriniň 100 tonnasyna we bekre işbiliniň 2 tonnasyna, tüssä kakadylan we adaty kakadylan hem-de beýleki balyk önümleriniň 170 tonnasyna, şeýle hem gaplama önümleriniň on millionyna barabardyr. Kärhananyň gaýtadan işleýän kuwwatlyklary göz öňünde tutulan önümçiligiň möçberinden ep-esli ýokarydyr. Munuň özi toplumyň geljekde ösmegini we giňeldilmegini göz öňünde tutýar. 

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde bekre balyklaryny emeli ýol bilen köpeltmek boýunça ýene bir önümçilik toplumyny gurmak barada karar, içerki bazary doly üpjün etmek maksadynda ýokary hilli balyk önümleriniň mukdaryny hem-de görnüşlerini mundan beýläk hem artdyrmak wezipesi bilen şertlendirilendir.

Mundan başga-da, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda 2015-nji ýylda bekre, zagara balyklaryny hem-de lakga balyklar maşgalasyny köpeltmek boýunça balykçylyk toplumy ulanmaga berildi. Onuň ýyllyk kuwwaty harytlyk balygyň degişlilikde 20, 10 we 60 tonnasyna barabardyr.

Gaýtadan işleýiş we azyk önümleriniň öndürilişininiň toplumlaýyn ösdürilmeginiň çäklerinde balyk senagatynyň batly depginler bilen ösmegine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan balyk önümlerini saklamak boýunça täze desgalar hem hyzmat etmelidir.

Mälim bolşy ýaly,  innowasiýalara, türkmen harytlarynyň içerki we daşarky bazarlarda bäsleşigini pugtalandyrmaga esaslanyp, gaýtadan işleýän önümçilikleriň giň ulgamyny kemala getirmek boýunça möhüm wezipeler 2015-nji ýylda kabul edilen Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamasynda hem-de Türkmenistanda öndürilýän eksport önümleriniň möçberlerini artdyrmak baradaky döwlet maksatnamasynda kesgitlenildi.

Birinji resminama daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürýän döwrebap kärhanalaryň, şol sanda ýerli çig malyň esasynda gurluşyk, himiýa, durmuşda ulanylýan we beýleki önümleri öndürýän, şeýle hem balyk önümleriniň dürli görnüşlerini gaýtadan işleýän we öndürýän kärhanalaryň gurulmagyny göz öňünde tutýan 80-den gowrak taslamany durmuşa geçirmek wezipesini öz içine alýar.

Ikinji maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde himiýa we ýeňil  senagaty, maşyn gurluşygyny hem-de ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen taslamalaryň 33-sini amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Munuň özi tebigy hem-de mineral-çig mal serişdelerini toplumlaýyn ulanmagyň hasabyna Türkmenistanyň eksport kuwwatyny ep-esli ýokarlandyrmaga hem-de mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam eder.  

Ýurdumyzyň dokma senagaty hem ösüşiň milli ykdysady strategiýasynyň üstünlikli ösýändigini görkezýär. Türkmenistany çig mal iberýän ýurtdan dünýä derejesinde taýýar önümleri öndürýän hem-de eksport edýän ýurda çalt geçirmek boýunça döwlet wezipelerini çözmekde hut şu pudaga aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda onuň kuwwaty ýurdumyzda öndürilýän gymmatly  çig malyň – pagta süýüminiň ýarysyndan gowragyny gaýtadan işlemek bilen, 118 müň tonna çenli nah ýüplügi, 178 million inedördül metr matalary, 11 müň tonna trikotaž önümlerini, 7,2 müň tonna tüýjümek matany hem-de tikin we trikotaž önümleriniň 100 million  sanysyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi içerki isleglerden ep-esli köpdür – ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň 70 göterimi eksportyň paýyny düzýär. Bu önümler ekologiýa taýdan arassalygy, tehnologiki hili hem-de ajaýyp bezegi bilen daşary ýurtly sarp edijileriň ünsüni çekýär. 

Dokma pudagynyň iri senagat düzümleriniň çäklerinde “çig mal—taýýar önüm” tehnologik tapgyryň netijeliligi hem türkmen dokmasynyň bäsdeşlige ukyply artykmaçlygyny görkezdi. Paýtagtymyzdaky Aşgabat dokma toplumy, Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumy, Jins toplumy, şeýle hem Ruhabatdaky, Gökdepedäki we Gypjakdaky dokma toplumlary munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Ýokary hilli mata önümleriniň çykarylmagy ýurdumyzyň dokma senagatynyň tikin we trikotaž ulgamlarynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi, içerki bazary owadan we ýokary hilli önümler bilen doly üpjün etmäge ýardam etdi. Munuň özi bolsa Türkmenistanda öndürilýän önümleriň eksport edilýän möçberlerini we görnüşlerini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Senagatda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň öndürilişini artdyrmak boýunça maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi pudagyň ähli ugurlarynyň – pagta egriji, dokma, tikin-trikotaž, ýüpek ugurlarynyň sazlaşykly ösdürilmeginiň möhüm şerti boldy. Şol maksatnamada täze önümçilikleri döretmek ýa-da öňden bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu wezipeleriň netijeli çözülmegi ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli  we elýeterli harytlaryň hasabyna daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberlerini kemeltmäge hem-de önümleriň täze görnüşlerini ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berdi.

Ruhabatda panbarhat öndürýän fabrigiň işe girizilmegi netijesinde türkmen zenanlary tarapyndan uly isleg bildirilýän bu matanyň dürli görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmekde Aşgabatdaky lukmançylyk pamygyny hem-de kosmetiki pamyk serişdelerini çykarýan fabrik uly ähmiýete eýe boldy.

Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutjak önümleri öndürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde Ruhabadyň dokma toplumynda uly işler geçirildi hem-de ilat arasynda uly islegden peýdalanýan emeli ýüpekden ýokary hilli köp dürli ştapel matalaryny çykarmak ýola goýuldy. Şeýle hem bu toplumda innowasion tehnologiýalaryň peýdalanylmagynda ozal Türkmenistan üçin täze bolan matalary—gabardin, kanwas, her dürli üstki egin-başlaryny tikmek üçin laýkryň goşulmagyndaky gabardin matalaryny çykarmak ýola goýuldy. Şol matalardan Türkmenbaşy adyndaky Jinsi toplumynda “Bedew” diýen milli nyşan astynda erkekleriň ýokary hilli balaklaryny çykarmaklyk ýola goýuldy.

Ýurdumyzyň iri tikin fabrikleriniň – Aşgabadyň “Ahal”, Daşogzuň “Çeper”, Marynyň “Ýeňiş” hem-de Türkmenabadyň tikin fabrikleriniň durkunyň täzelenmegi hem-de döwrebaplaşdyrylmagy önümleriň öndürilýän möçberlerini we görnüşlerini artdyrmaga, şol sanda dürli edaralaryň işgärler üçin ýöriteleşdirilen egin-eşikleriň, sport we dynç almak üçin niýetlenen lybaslaryň çykarylmagynyň hasabyna artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Şu ýyl daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleriň hatarynda kuwwaty ýylda 2 million 500 müň sany joraba barabar bolan, paýtagtymyzyň nah kombinatynyň binýadynda ýerleşýän, jorap önümlerini öndürýän seh, şeýle hem Aşgabadyň Modalar öýünde işe girizilen, ýylda dokalan switerleriň 23 müňüsini çykarmaga niýetlenen trikotaž sehi açyldy. 

Kuwwaty 4 müň tonna ýuwulan ýüňe barabar bolan täze önümçilik sehiniň açylmagy bilen Marynyň ýüňi gaýtadan işleýän fabrigi ýüň egirýän fabrikleriň ýokary hilli çig mala bolan isleglerini doly kanagatlandyrdy. Ýeri gelende aýtsak, önümiň esasy bölegi içerki bazara gelip gowuşdy, şeýlelikde, ýurdumyzyň telekeçileri milli halyçylyk işini has-da ösdürmäge, bazary owadan hem ýokary hilli önümler bilen doldurmaga mümkinçilik aldylar.

“Argaç” ýüň egriji fabriginde hem senagat kärhanalaryny  toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde tehnologik taýdan täzeleýiş işleri geçirildi. Häzirki wagtda bu kärhana her günde arassa ýüň ýüplüginiň 450 kilograma çenlisini çykarmaga ukyplydyr.

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň çeper halyçylyk kärhanalarynda 2015-nji ýylda haly we haly önümleriniň 42,9 müň inedördül metri dokalyp, şolaryň 10 müň 600 inedördül metri, 2016-njy ýylyň 7 aýynda bolsa 3 müň 498, 41 inedördül metr haly we haly önümleri daşary ýurtlara ugradyldy, şu döwürde 26 müňden gowrak inedördül metr öndürildi.

Daşary ýurtlardan getirilýän önümleri öndürýän önümçilikleri döretmek boýunça döwlet maksatnamasynyň wezipelerine laýyklykda, halyçylygyň döwrebap senagat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça hem yzygiderli işler alnyp barylýar. 2016-njy ýylyň fewral aýynda işe girizilen “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň täze iri kärhanasy ýylda haly we haly önümleriniň 800 müň inedördül metrini çykarmaga niýetlenendir.

Gysga wagtyň içinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň tagallalary bilen Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda häzirki zaman köpugurly daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan, eksport ugurly önümçilik—ýokary hilli mebeli hem-de giň görnüşdäki beýleki degişli önümleri taýýarlamak boýunça 18 zawoddan ybarat bolan Mebel toplumy döredildi. Olaryň ählisi Ýewropa ýurtlarynda öndürilen öňdebaryjy tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu toplumyň ulanmaga berilmeginiň 800-e golaý täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýändigi bilen hem ähmiýetlidir. Toplumyň taslama kuwwatyna çykmagy bilen daşary ýurtlardan getirilýän mebel önümleriniň ornunyň 90 göterim doljakdygy çaklanylýar. Türkmen telekeçileriniň geljekki meýilnamalarynda mebel işewürliginiň agajyň gymmatly görnüşlerinden aýratyn derejeli mebelleri çykarmak ýaly ugruny özleşdirmeklik hem bar.

Ýurdumyzda hem-de tutuş dünýäde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglylykda, mineral dökünleriň öndürilişiniň ýokarlandyrylmagy himiýa senagatyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. 2015-nji ýylyň netijeleri boýunça “Türkmenhimiýa”  döwlet konserniniň kärhanalary boýunça bu önümiň öndürilişiniň ösüşi 175,2 göterime barabar boldy. Geljekde täze önümçilikleri ulanmaga bermegiň hem-de hereket edýän desgalary döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna içerki islegleri doly kanagatlandyrmak hem-de gymmatly mineral dökünleri daşarky bazarlara ibermek babatda ägirt uly ykdysady peýda getirer.

Ýurdumyzyň gazhimiýa pudagynyň okgunly ösmegi Türkmenistanda tebigy gazyň ägirt uly gorlarynyň bardygy bilen şertlendirilendir. Tebigy gaz önümçilikde çig mal bolup hyzmat edýär. Ähmiýetli desgalaryň hatarynda Mary şäherindäki karbamid we ammiak öndürýän zawodlaryň iri toplumy bar. Hereket edýän “Tejenkarbamid”  we “Marykarbamid”  kärhanalary ýurdumyzyň obasenagat pudagynyň azot dökünlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, eksport dolanyşygynyň möçberinde olaryň durnukly orun eýelemegini üpjün edýär. Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde gurulýan, ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürmäge niýetlenen täze zawod hem bu maksatlara ýetmäge ýardam eder.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmenabadyň himiýa zawodynda kükürt kislotasyny öndürýän bölümiň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň himiýa pudagynyň ösüşiniň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu bölümiň önümleriniň möçberi ýylda 500 müň tonna barabardyr. Onuň önümleri ýurdumyzyň senagatynyň dürli pudaklarynda çig mal hökmünde ulanylýar.

Ýokary hilli mineral dökünleriň önümçilik möçberleriniň yzygiderli artdyrylmagy Türkmenistanda ilkinji, Merkezi Aziýa sebitinde bolsa iri kaliý duzlarynyň ýataklaryny özleşdirmek boýunça dag magdan baýlaşdyryjy toplumyň maýa goýum taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşdyrylýar.Geologiýa barlaglaryň maglumatlaryna görä, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän Garlyk ýatagynda bar bolan çig kaliý duzlarynyň gorlary 2 milliard tonnadan gowrakdyr. Bu ýerde ägirt uly senagat merkezi döredilýär. Ol milli ykdysadyýetimiz üçin täze pudagy –dag magdan senagatyny emele getirer. Bu ýatagyň işlenip taýýarlanylmagy we onuň çäginde kaliý duzlaryny çykarmak hem-de baýlaşdyrmak boýunça kärhananyň gurulmagy ýurdumyzyň senagat pudagynyň ösüşinde täze sahypany açar we bu önümleri eksport etmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri döreder. Geljekde bu senagat toplumy oba hojalygyny ekologiýa taýdan arassa kaliý dökünleri bilen doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, her ýyl bu gymmatly önümiň 1 million tonnadan gowragyny daşary ýurtlara ibermäge mümkinçilik berer.

Gazhimiýa pudagynda uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemegiň tehnologiýalaryň esasynda ýokary hilli önümleriň ýene-de bir görnüşini özleşdirmek göz öňünde tutulýar.  Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde gurulýan toplum granulirlenen polipropilen hem-de polietilen öndürmek üçin tebigy gazyň 5 milliard kub metrini gaýtadan işlemegiň ähli tapgyrlaryny göz öňünde tutýar. Olaryň birinjisi gaplary, süýümleri, poslamaga durnukly serişdeleri öndürmekde giňden ulanylýar. Ikinjisi bolsa, plýonkalary, suw we gaz geçiriji turbalary, gurluşyk serişdelerini öndürmek üçin esas bolup hyzmat edýär.

Gurluşyk serişdelerini öndürýän, şol sanda ýerli çig maldan taýýarlanýan serişdeleri öndürýän pudak uly goldawa eýe boldy. 2007-2015-nji ýyllar aralygynda sementiň öndürilişiniň 3,8 esse, demir-beton gurnamalarynyň 2,5 esse, diwarlyk serişdeleriň 2 esseden gowrak, magdan däl gurluşyk serişdeleriniň 8 esseden gowrak ýokarlanmagy ýaly görkezijiler bu pudagyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini görkezýär. Sement önümçiligi ýurdumyzyň gurluşyk materiallary senagatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. 2015-nji ýylda ýurdumyzyň sement kärhanalarynda 3 million tonnadan gowrak sement öndürildi. Munuň özi tutuş ýurdumyz boýunça alnyp barylýan giň möçberli gurluşyklaryň semente bolan isleglerini kanagatlandyrmak wezipesini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berdi.

Bu önüme bolan islegleriň artýandygyny nazara almak bilen, telekeçilik düzümleriniň gatnaşmagynda sebitlerde ýylda 300 müň tonna sement öndürýän kiçi zawodlary gurmak meýilleşdirilýär.

Keramiki kerpiçleri, armaturany, metal gurnawlaryny, plasmas we aýna süýümli turbalary öndürmegiň ösüş depgini hem ýokarlandy. Ýurdumyzyň baý çig mal gorlary keramzidiň önümçiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Keramzit üçin çig mal bolan argillit Balkan welaýatynyň Ýagman käninden alynýar.

Ýerli çig malyň – örän ýuka, berk bazalt süýüminiň hem-de ondan taýýarlanylýan ýylylyk saklaýan we kompozit gurluşyk serişdeleriniň esasynda ýurdumyz üçin täze bolan önümleri öndürýän senagat önümçiliklerini döretmek boýunça işler dowam etdirilýär. Bazalt süýüminden öndürilýän önümler ekologiýa taýdan howpsuz önümleriň hataryna girýär we senagat hem-de durmuş maksatly binalaryň gurluşygynda, nebitgaz, awiasion, himiýa, turba senagaty, awtomobil we maşyngurluşyk, elektroenergetika, metallurgiýa, oba hojalygy, gämi gurluşygy, nebithimiýa ulgamlarynda we beýleki pudaklarda giňden ulanylýar.

Şu ýyl ulanmaga berlen kärhanalaryň hatarynda kuwwaty ýylda 10 million inedördül metr izogam we wolgaizol önümlerini öndürmäge niýetlenen senagat toplumy bar. Ýurdumyz üçin täze kärhananyň gurulmagy bilen ýokary hil ülňülerine laýyk gelýän gurluşyk serişdelerine bolan isleg doly kanagatlandyrylar.

Mundan başga-da, Türkmenabat şäherindäki “Demirbetonönümleri” kärhanasynyň ulanmaga berilmegi  bu ugurda ädilen ähmiýetli ädimleriň biri boldy. Ol keramiki plitalary örtmek üçin niýetlenen gury ýelimleýji garyndylaryň bir ýylda 4 müň tonnasyny öndürýän toplum bolup durýar. Geçen ýyl bu önümiň 12 müň tonnasyny çykaran hususy kärhanalaryň önümçilik mümkinçiliklerini nazara alanyňda, bu desganyň işe girizilmegi bilen gurluşyk pudagyny şol önüm bilen ýeterlik derejede üpjün etmek wezipesi çözüler. Içerki bazarda bu önüme bolan isleg ortaça 14 müň tonna barabardyr.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalaryň  hatarynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda gurlan hem-de ýyllyk kuwwaty 70 müň kub metr inert gurluşyk materiallaryny öndürýän täze kärhana bar. Bu ýerde hereket edýän çagyl känleri ýurdumyzyň gurluşyklarynda zerur hasaplanýan çagyl we beýleki serişdeler üçin çig maly doly derejede üpjün eder.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek bilen baglanyşykly wezipeleri çözmekde elektron senagatynyň ähmiýeti has-da artýar. 2020-nji ýyla çenli Türkmenistanyň Senagat ministrligi tarapyndan Ylymlar akademiýasy, Energetika ministrligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde Döwlet maksatnamasynda dürli serişdeleri, gün energiýasyny elektroenergiýa geçirmek üçin enjamlary, fotoelektrik, elektron serişdelerini, awtomat enjamlaryny, yşyklandyryş gurallaryny, LED lampalaryny, elektroenergiýanyň sarp edilişini ölçeýän gurallary, şeýle hem ilat üçin beýleki elektrotehniki enjamlary öndürýän kiçi kärhanalary döretmek göz öňünde tutulýar.

Şeýlelikde, “Elektron ylhamy” Hojalyk jemgyýeti döredildi, onuň desgalarynyň birinde eýýäm kuwwaty 63 kWA-dan 1000 kWA çenli bolan transformator beketleriniň toplumlaryny öndürmeklik başlandy.

Mundan başga-da, Aşgabadyň elektrotehniki zawodynda elektrik hasaplaýjylary ýygnaýan önümçilik sehini açmak meýilleşdirilýär. Häzir bu ýerde täze önümleriň ilkinji nusgalary ýygnaldy. Geljekde üznüksiz önümçilik ýola goýlar.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen bilelikde energiýa tygşytlaýjy diod ýagtylykly lampalary hem-de yşyklandyryjy enjamlary öndürjek bilelikdäki kärhanany döretmek boýunça işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň haryt öndürijilerine goldaw bermek boýunça döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ähli ýerlerde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri, şol sanda gurluşyk serişdelerini, dokma önümlerini, mineral dökünleri, durmuşda ulanylýan himiýa önümlerini, mebelleri öndürýän kärhanalar hem-de sehler döredilip, içerki bazar özümizde öndürilýän harytlar bilen doldurylýar.  

Şeýlelikde, ýurdumyzda senagat pudagynyň ösdürilmegi türkmen harytlarynyň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga we hilini ýokarlandyrmaga, olaryň görnüşlerini giňeltmäge, diňe bir içerki bazarlarda däl, eýsem, daşarky bazarlarda hem olaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýerine ýetirilýän senagatlaşdyrmagyň esasy gurallaryny--daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi hem-de halk hojalyk toplumyny eksport ugruna gönükdirmegi utgaşdyrýan netijeli durmuş-ykdysady strategiýasynyň esasy wezipeleriniň biridir.

Bu ugurda eýýäm ägirt uly işler berjaý edildi, göze ilýän aýdyň netijeler gazanyldy, ýöne bular köp ugurly senagat düzümini, hemme babatda özüni üpjün edýän, daşarky şertlere bagly bolmadyk hem-de şol bir wagtda-da halkara söwda gatnaşyklaryna we ählumumy ykdysady ulgamyna ýakynlaşan senagat düzümini döretmek babatda ýurdumyzyň ägirt mümkinçiligini doly peýdalanmaýar. Kuwwaty indi-indi açylýan birnäçe ulgamlarda hem-de geljegi uly pudaklarda  ýene-de ençeme ätiýaçlyklary—çig mal, önümçilik, maýa goýum, ätiýaçlyklaryny özleşdirmek garaşýar...

TDH