Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Ýurdumyzda halkara pul geçirimleri hyzmatlary giňden ulanylýar

Soňky ýyllarda türkmen halkynyň durmuş-ykdysady derejesiniň has-da ýokarlanmagy, daşary ýurtlaryň abraýly okuw ojaklarynda köp sanly Türkmenistandan ýaşlaryň okamagy, raýatlarymyzyň halkara syýahatçylyk ulgamyna işjeň goşulyşmagy, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan oňyn özgertmeleriniň miweleri bolup durýar.

Durmuşa geçirilýän iri özgertmelere we döwrebap şertlere uýgunlaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň bank ulgamynyň edaralary ýerine ýetirýän bank hyzmatlaryny yzygiderli kämilleşdirmäge, olaryň sanyny artdyryp hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berýärler.

Türkmenistanyň bank ulgamynda ýurduň raýatlary we myhmanlary üçin hödürlenýän bank hyzmatlarynyň hatarynda dürli maksatly halkara pul geçirimleri aýratyn orna eýedir. Hyzmatyň şu görnüşinden ilatymyz köp ýyllaryň dowamynda bökdençsiz peýdalanýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde halkara pul geçirim ulgamlarynyň “Western Union” we “Money Gram” görnüşleri hereket edýär. Türkmenistanyň karz edaralarynyň binýadynda hereket edýän şu ulgamlaryň üsti bilen dürli zerurlyklar üçin daşary ýurtlara pul geçirmek we daşary ýurtlardan pul almak amallary bökdençsiz we tiz ýerine ýetirilýär.

“Garagum” halkara paýdarlar bankynda we şahamçalarynda “MoneyGram”, “Western Union” halkara pul geçirimleri ulgamynyň, “Senagat”, “Türkmen-Türk” paýdarlar täjirçilik banklarynda we şahamçalarynda, Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynda we şahamçalarynda “Western Union” halkara pul geçirimleri ulgamynyň hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkinçiligi döredilen.

Halkara pul geçirimleri hyzmatlarynyň Türkmenistanyň karz edaralary tarapyndan hödürlenmegi bilen müşderileriň islegleri kanagatlandyrylýar we bank hyzmatlarynyň görnüşleri we hili ýokarlandyrylýar. Şeýle-de Türkmenistanyň çäginde abraýly we iri pul geçirimleri ulgamlarynyň birnäçesiniň hereket etmegi sagdyn bäsdeşlik şertlerini döretmäge we netijede ýurduň raýatlaryna we daşary ýurtly myhmanlaryna ýokary hilli hyzmat etmäge ýardam berýär.

Ýurduň raýatlaryna we daşary ýurtly myhmanlaryna hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi we hiliniň ýokarlandyrylmagy, Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilip, “Döwlet adam üçindir” diýen strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.