Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wekilini kabul etdi

4.07.2013

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, Şweýsariýa, Ukraina, Lihtenşteýn, Türkmenistan, Çernogoriýa, Serbiýa we Moldowa boýunça direktory jenap Werner Gruberi kabul etdi.

Myhman döwlet Baştutanymyz bilen mähirli salamlaşyp, köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize hoşallyk bildirdi. Jenap Werner Gruberiň belleýşi ýaly, bu bankyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuş-ykdysady ösüşde uly üstünliklere eýe bolýan Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga buýsanýandygyny we onuň mundan beýläk-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýratyn nygtady.

Milli Liderimiz Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň direktorlar geňeşiniň agzasyna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga hemişe taýýardygyny belledi. Türkmen döwletiniň köpýyllyk hyzmatdaşy bolan Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen belläp, hormatly Prezidentimiz netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri möçberli özgertmeleriň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi we ony işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alyşmalar boldy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, iri Ýewropa we dünýä banklarynyň tejribesini öwrenmek, maliýe ulgamynda dolandyryşyň häzirki zaman usullaryny giňden ornaşdyrmak türkmen hünärmenleri üçin wajyp ähmiýetli ugra öwrüldi. Öz gezeginde myhman ozal bar bolan gatnaşyklary pugtalandyrmak we işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmek barada aýtmak bilen, ýurduň ägirt uly ykdysady we serişde kuwwatynyň, bu ýerde döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy şertleridigini belledi. Bank-maliýe ulgamy, şeýle hem ýurduň hususy eýeçiligindäki düzümler bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, türkmen döwletiniň täze taslamalary, şol sanda häzirki zaman ulag düzümini maliýeleşdirmek arkaly dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagyna kömek bermek hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi. Hyzmatdaşlyga şunuň ýaly işjeň çemeleşmeler üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda netijeli gatnaşyklar üçin örän giň mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda myhman hormatly Prezidentimize Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky bilen işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga goldaw berýändigi üçin hoşallyk sözlerini aýtdy we döwlet Baştutanymyzy özara peýdaly, uzakmöhletleýin gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de giňeltmek üçin ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdylar.

Duşuşyga Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň baştutany jenap Alkis Drakinos gatnaşdy.

Türkmen Döwlet habarlar gullugy.