Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda halk hojalygynyň ähli ugurlary boýunça 2010-njy ýylda gazanylan ajaýyp netijeler bilen ruhlanan eziz halkymyz täze ýylda täze üstünliklere tarap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. 2010-njy ýylda hem milli Liderimiziň öňdengörijilikli durmuş-ykdysady özgertmeleri güýçli depginde durmuşa ornaşdyrylyp, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň möçberi 109,2 göterim artdy.
2010-njy ýylda Halkara pul gaznasynyň ýerine ýetiriji direktorlar geňeşi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň güýçli depginler bilen ösýändigini, bu ösüşiň ýokary görkezijilere eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen belläp geçdi.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejisinde 2010-njy ýylyň jemlerine garap geçmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň durmuşynda şanly waka boljak, mukades Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk baýramynyň giňden we dabaraly bellenýän ýyly bolan 2011-nji ýylda biziň öňümizde durýan täze we örän uly wezipelerimiziň üstünde durup geçdi. Häzirki döwürde öňümizde durýan esasy wezipeleriminiň we maksatlarymyzyň biri hem, hormatly Prezidentimiziň kesgitleýişi ýaly, ähli döwlet dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmekden, hökümet elektron ulgamyny ornaşdyrmakdan ybarat bolup durýar.
Häzirki zaman maglumat ulgamy ony ulanýan pudagyň ykdysady taýdan çeýe we bäsleşige hötde gelýän ykdysady pudaga öwrülmeginde zerur bolan maglumat üpjünçiligini döretmäge ukyplydyr. Şol sebäpli ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dünýä derejesine göterilmeginde elektron-maglumat ulgamyny kämilleşdirmek meselesi esasy orunlaryň birini eýeleýär.
Häzirki zaman elektron maglumat ulgamyny ýokary tizlikli tehnologiýalara esaslanan kompýuter ulgamsyz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Şonuň üçin hem häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bilim ulgamyny, ykdysady pudaklary, bank ulgamyny we dolandyryş edaralaryny elektronmaglumat tehnologiýalarynyň soňky gazananlary bilen üpjün etmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» elektron-maglumat ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa kompýuter torlarynyň dürli birleşmelerini döretmäge we olaryň üsti bilen guralýan aragatnaşyklaryň ähli mümkünçiliklerinden peýdalanmaga esas döredýär. Ýakyn wagtlarda kompýuter aragatnaşygyny diňe bir ykdysadyýetiň ýa-da dolandyryşyň däl, eýsem, jemgyýetiň ähli ugurlaryna aralaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Onuň üsti bilen ýazgy maglumatlaryny alyp bermek, ses we şekil maglumatlaryny göni alyp bermek mümkinçiligi dörär.
Türkmenistanyň Internet ulgamyna goşulmagy ýurtdaky pudaklaryň, edara-kärhanalaryň, guramalaryň we hususy kärhanalaryň, şeýle hem, her bir raýatyň dünýä ykdysadyýetiniň, dünýä bazarynyň, dünýäniň ähli ýurtlarynyň ýagdaýy baradaky maglumatlary öz wagtynda almagyna mümkinçilik berer.
Ýurdumyzyň ykdysady dolanyşygynda ulanylmaly hasaphana hasabatynyň, maliýe işleriniň milli ulgamyny döretmek we olary halkara ülňülerine laýyk alyp barmak işi hem göz öňünde tutulýar. Häzirki döwürde ýurduň ykdysady dolanşygyndaky durmuş-ykdysady görkezijileriň köpüsi dünýä derejesindäki ülňülere gabat gelýär.
Hormatly Prezidentimiz özüniň çykyşynda ykdysadyýetimiziň islendik pudagynda işleýän her bir hünärmeniň kompýuterden baş çykarmalydygyny, kompýuter programmalaryny oňat bilmelidigini we işde ulanyp bilmekligi başarmalydygy barada durup geçdi. «Biziň ýaşlarymyz okuw mekdeplerini tamamlanlarynda dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine laýyk gelýän, ýeterlik bilim almaklary üçin täze gurulýan we hereket edýän okuw mekdeplerini iň häzirki zaman kompýuter otaglary we Internet ulgamy bilen üpjün edip, ýurdumyzda umumy kompýuter sowatlylygyny has-da ýokarlandyrmaga çalyşmalydyrys» diýip milli Liderimiz belläp geçdi. Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde 1-nji synpda okaýan okuwçylaryň ählisini okuw kitaplary bilen birlikde şahsy kompýuterler bilen mugt üpjün etmek meselesini öwrenmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Hökümetiniň agzalarynyň hem kompýuter programmalaryny oňat bilmelidirler we döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmek maksady bilen, ýakyn wagtlarda Hökümet elektron ulgamyny döretmegi, bu ulgama geçmegi öz öňümizde esasy wezipe edip goýduk diýip belläp geçdi.
Hökümet elektron ulgama geçilmegi kagyz görnüşindäki resminamalaryň dolanşygyny ep-esli azaltmaga, maglumatlaryň geçişiniň we olary alyşmagyň tizligini ýokarlandyrmaga, netijede bolsa, çözgütleri kabul etmek üçin sarp edilýän wagty ep-esli azaltmaga, şeýle hem işdäki bökdençilikleri aradan aýyrmaga mümkinçilik berer. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli ministrliklerinde we pudak edaralarynda elektron resminamalar ulgamyny ornaşdyrmak boýunça olaryň öňünde uly wezipeler goýdy. Bu ugurda ýolbaşçylary tölegli esasda okatmak boýunça kompýuter okuw otaglaryny döretmek göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da, ýurdumyzyň ähli orta we ýokary okuw mekdeplerinde kompýuter sowatlylygyny esaslaryny öwretmek boýunça okuwlary girizmek göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde ýurdymyzda elektron iş ýörediş we resminamalar dolanyşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagy dolandyrmagyň netijelerini ýokarlandyrmaga uly goşant goşar. Bu bolsa zerur maglumatlaryň alynmagyny çaltlandyrmagy, gelýän resminamalaryň geçişine gözegçiligiň güýçlendirilmegini, olaryň sazlaşykly we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün eder, bitewi ulgama birikdirilen dürli döwlet häkimiýet edaralarynyň elektron resminamalar dolanyşygyny baglaşdyrmaga mümkinçilik berer.
Soňky ýyllarda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, harby we bank ulgamlarynda ösen kompýuter tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Maliýe işinde ulanylýan tehnologiýalaryň häzirki döwürde örän ösendigini nazara almak bilen, bank amallarynyň awtomatlaşdyrylmagy, anyk aýdylanda bolsa elektron hasaplaşyklarynyň ösdürilmegi banklaryň üstünlikli işlemeginde örän uly orny eýeleýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň bank ulgamynda bir bitewi bankara elektron töleg ulgamy hereket edýär. Şeýle hem, soňky ýyllarda bank hyzmatlarynyň täze görnüşlerini ilata hödürlemekligiň çäklerinde bank kartlaryň ulanylmagyna esaslanýan töleg ulgamy işe ornaşdyryldy. Bu geçirilýän işler dolanyşykdaky nagt pullaryň möçberini azaltmaga we tölegleri çaltlandyrmaga ýardam edýär.
Ýurdumyzyň bank ulgamynda elektron ulgamlaryny ösdürmek işi esasy 3 ugur boýunça alnyp barylýar: maliýe resminamalaryny elektron maglumatlaryň üsti bilen işläp taýýarlamak; hasaplaşyk we töleg amallaryny kompýuter enjamlary arkaly amala aşyrmak; bankara aragatnaşyklaryny kompýuterleriň, elektron ulgamlaryň üsti bilen ýola goýmak.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen elektron resminamalar dolanyşygy hakyndaky karara laýyklykda ýurdumyzda iş ýörediş we resminamalar dolanyşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagy dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer, bu bolsa türkmen döwletiniň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmak maksatlaryndan ugur alýandygyny äşgär görkezýär.
Goý, hemişe il-günümizi begendirip, beýik işleri amala aşyrýan döwlet Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak, ýurdy abadan bolup, tutýan beýik maksatlary hemişe rowaç bolsun!
Orazmyrat ORAZSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň
Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň mugallymy