Altyn asyryň desgalary „Türkmenistanyň ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baş ugry“ Milli maksatnamyzda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, şeýle hem türkmen halkynyň Altyn asyrynda Bitarap Garaşsyz Türkmenistanyň paýtagynyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has gözelleşdirmek we Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabat şäherinde has oňaýly we otaglarynyň ýerlişişi gowulandyrylan özboluşly belent ýaşaýyş jaýlaryny gurmak baradaky kararlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň "Halkbank" Döwlet täjirçilik banky tarapyndan gurluşyk işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň Aaşgabat şäherinde ýerasty awtoduralgasy bolan 2 girelgeli 12 gatly 48 öýli has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan özboluşly belent ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy alnyp barylýar. Işleri Türkiýänyň “Total Inşaat Sanaýi we Tijaret Ltd.Şti.” potratçy firmasy alyp barýar. Desgany 2009 ýylyň fewral aýynda doly gurup, ulanylmagy meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýerasty awtoulagduralgaly, 2 girelgeli 12 gatly 72 öýli has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan özboluşly belent ýaşaýyş jaýy, sport, çagalar meýdançalarynyň we geçiriljek çäreler üçin bassyrmany karary ýerine ýetirmek üçin gurluşyk işler alnyp barylýar. Potratçy - „ERG Inşaat Taahhýut Sanayi we Tijaret Ltd.Şti“ türk kompaniýasy. Taslama boýunça desgany 2009 ýylyň dekabr aýynda doly gurmak meýilleşdirilýär. 


![]()



![]()

![]()
![]()
![]()
![]()
![]()

![]()