







|
Täjirçilik karzlary
Täjirçilik maksatlaryna berilýän karzlaryň üpjünçiligine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gadagan edilmedik emläkler alnyp bilner. Girewine alnan emläkler berilýän karzyň möçberini we oňa hasaplanylýan göterimleri bilen bilelikde doly üpjün etmelidir. Girewine hödürlenýän emläge bankda düzülen ýörite topar tarapyndan baha kesilip, delilnama düzülýär. Girewine alnan emläklere baha kesmeklik “Girew hakyndaky” Kanunyna esaslanmalydyr. Karzyň üpjünçiligine girew beriji hökmünde karz alyjynyň özi ýa-da üçinji tarap bolup biler. Bank girewine hödürlenýän emlägiň ýerinde barlygyny anyklamak bilen, onyň ýagdaýyny, ýerleşýän ýerini, saklanyş şertlerini we eýeçilik hukugyny barlaýar. Eger-de bilelikdäki umumy eýeçilige degişli bolan emläk, onuň ähli eýeleriniň ýazmaça razyçylygy bolan ýagdaýynda hem-de girewne goýulýan ýaşaýyş jaýynyň eýesi, şol jaýda bilelikde ýaşaýan kämillik ýaşyna ýeten maşgala agzalarynyň ýazmaça razyçylygy bilen girewe alnyp bilner. Bank tarapyndan berilýän karzlar ulanylýan möhletine baglylykda gysga (1 ýyldan ýokary bolmadyk) we uzak (1 ýyldan ýokary) möhletlilere bölünýär. Müşderiniň arzasynda görkezen haýyşy boýunça karzyň esasy bölegini gaýtarmakda 3 aýdan uzak bolmadyk möhletde ýeňillikli döwür göz öňüne tutulyp bilner. |